Žurnalistiň sahypasy

Arkadag şäheri — ýaşlaryň şäheri

25-09-2023 / 19

Ýaşlara berilýän üns, ýaşlar barada edilýän alada Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda has giň gerimli häsiýete eýe bolýar. Şonuň bilen bir hatarda hem döwletimiziň häzirki we geljekki belent maksatlaryny hemişe ýaşlar bilen berk baglanyşdyrýandygyny nygtamak gerek.

Arkadag şäheri ýurdumyzda, hatda tutuş sebitde amala aşyrylýan iň iri innowasion şähergurluşyk taslamasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň keşbini özünde jemleýän bu şäherde dünýäniň ösen tejribesi, häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalary işjeň ulanyldy. Sözümiziň başynda turuwbaşdan bir möhüm ýagdaýa ünsi çekeliň: täze şäheriň çäklerinde elektromobil taksileriň we elektrobuslaryň ulanylmagy meýilleşdirilýär. Olaryň ýangyjyň guýulmagy arkaly däl-de, elektrik energiýasy bilen işledilýändigini aýratyn bellemek gerek. Arkadag şäheriniň çäginde ýolagçylara hyzmat etmek üçin häzirki zaman elektrobuslarynyň we elektromobil taksileriniň ulanylmagy «akylly» şäher konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde alnyp barlan işleriň aýdyň netijesidir.

Täze şäheriň binagärlik aýratynlygynyň häzirki zamanyň ruhuna we ösen halkara görkezijilere laýyk gelmegi ugrunda edilýän tagallalar oňyn netijesini berýär. Arkadag şäheri «akylly» şäher hökmünde hem eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Munuň şeýledigine ýakynda Arkadag şäherine «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň gowşurylmagy hem şaýatlyk edýär. Bu bolsa Watanymyzyň täze şäherinde — milli kanunçylyk esasynda aýratyn hukuk derejesi berlen Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň beýanydyr.

Mälim bolşy ýaly, täze şäheriň birinji tapgyrynda, esasan, ýaşaýyş jaýlary, durmuş-medeni maksatly desgalardyr edara binalary guruldy. Şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bolsa ekologik talaplara laýyk gelýän çig mallary senagat taýdan gaýtadan işleýän önümçilik toplumyny gurmak, şäheriň jemagat hojalygynyň işini ýokary derejede guramak üçin häzirki zaman tehnikalaryny we beýleki döwrebap enjamlary almak, olary netijeli ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu işler ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar, bu ýerde öndüriljek önümler bolsa ýurdumyzyň eksport kuwwatlyklarynyň artdyrylmagynda wajyp orny eýelär.

Göwher MÖWLÝAMOWA,
TMÝG-niň Köýtendag etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu