Žurnalistiň sahypasy

Kämil tehnologiýalar – döwrüň talaby

25-09-2023 / 13

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň batly depginler bilen ösýän ähli pudagynda sanly ulgama, innowasion tehnologiýalara uly orun degişlidir. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgamy ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, döwletimizde sanly ykdysadyýeti ösdürmek işleri, tehnologiýalardan peýdalanmak mümkinçilikleri barha giň gerime eýe bolýar.

Häzirki innowasion tehnologiýalaryň ýokary depgin bilen ösýän zamanasynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgamyň gazananlaryny ornaşdyrmak ugrunda guwandyryjy netijeler gazanylýar. Arkadagly Serdarymyz eziz Diýarymyzda sanly bilimi ösdürmekde, ylym hem-de önümçilik gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda ýokary hünär derejeli işgärleriň taýýarlanylmagyny üpjün etmegiň möhümdigine hemişe ünsi çekýär. Şunuň bilen baglylykda, ylmy-önümçilik, ylym-bilim ulgamlarynda netijeli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bu gün türkmen ýaşlarynyň döwrüň talabyna görä ylym öwrenip, ösen innowasion tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarmaklary, täze-täze döredijilik gözleglerini alyp barmaklary üçin giň gerimli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle ýokary netijeli işler ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň işjeňligini ýokarlandyrmakda, bu ugurda zerur hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ähmiýete eýedir.

Goý, ata Watanymyzy ösüşleriň röwşen ýoly bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Aziz ERGEŞOW,
Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu