Žurnalistiň sahypasy

Bilim – aýdyň geljegiň şamçyragy

25-09-2023 / 15

Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli bilim ulgamyny ösdürmek we dünýä derejesine çykarmak maksady bilen ägirt uly işler alnyp barylýar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda uly üstünlikler gazanyldy. Mekdep okuwçylarymyzyň, talyp ýaşlarymyzyň halkara derejeli olimpiadalara gatnaşyp, baýrakly orunlary almaklary munuň aýdyň subutnamasydyr. Altyn güýzüň ilkinji gününde Arkadag şäherindäki Ruhyýet köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçmegi ýurdumyzyň ýaş nesilleri üçin uly ähmiýetli waka boldy.

Ýurdumyzda ýaş türkmenistanlylaryň ajaýyp bilim we terbiýe alyp, eziz Watanymyza, halkymyza mynasyp hyzmat etmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ak mekdepleriň bosagasyndan ilkinji gezek gadam basýan 1-nji synp okuwçylara ýadygärlik sowgat hökmünde «Bilimli» atly kompýuterleri sowgat berilýär.

Watanymyzda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, bilim ulgamynda baý tejribe toplanyldy. Iň täze kompýuterler, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalary, çagalar baglarynyň we çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleri gurulýar. Halkara guramalar, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen ýokary derejeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy, daşary ýurt dillerini okatmagyň kämilleşdirilmegi döwletimiziň bilim ulgamyny düýpli özgertmäge aýratyn üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap ylym-bilim alyp, giň düşünjeli kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyyzň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Jeren MAGSADOWA,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Agronomçylyk hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu