Žurnalistiň sahypasy

Garaşsyzlyk – döwletimiziň binýatlaýyn esasy

22-09-2023 / 11

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň her bir güni beýik ösüşlere, şanly wakalara beslenýär. Konstitusiýanyň kadalary, Türkmenistanyň kanunlary arkaly adam hukuklary goralýan hem-de kepillendirilýän demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolan ýurdumyzda ösüşiň täze tapgyrynda ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar.

32 ýyl mundan ozal gadymy türkmen halkynyň erk-islegi amala aşyrylyp, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Konstitusion kanun kabul edildi hem-de Türkmenistan garaşsyz döwlet diýlip yglan edildi. Öz Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri ýurdumyz ýylsaýyn ösüşlerden-ösüşlere tarap ynamly öňe barýar, durmuş-ykdysady maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, döwlet dolandyryşy kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda yzygiderli amala aşyrylan konstitusion özgertmeler adamyň hukuklaryny, azatlyklaryny goramakda, ilatyň dürli gatlaklaryny döwletiň işlerini dolandyrmaga çekmekde möhüm ähmiýete eýedir. Garaşsyzlygyň 32 ýyllyk senesi türkmen halky üçin uly ähmiýete eýe bolup durýar. Bu gün biz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şan-şöhrata we uly üstünliklere beslenýän döwründe Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen özgertmelere baha bermek bilen, özygtyýarly ösüşiň her gününiň, her aýynyň taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady, medeni wakalara beslenendigini uly ynam bilen aýdyp bileris.

Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny öz halkynyň erk-islegine, arzuw-maksadyna laýyk guramagy başardy. Ýurdumyzda başy başlanan beýik özgertmeler halkara derejede ykrar edilen Milli Lideriň häzirki zamanyň görnükli döwlet ýolbaşçysyna mahsus bolan pähim-paýhasyny we öňdengörüjiligini tutuş dünýä açyp görkezdi. Türkmenistany senagat taýdan ösdürmek, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny daşarky bazarlara çykarmak, halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzyň kosmosy özleşdirýän döwletleriň hataryna goşulmagy, obadyr şäherleriň keşbiniň tanalmaz derejede özgermegi, paýtagtymyzyň dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrülmegi, geljegiň, ýaşlaryň şäheri bolan Arkadag şäheriniň gurulmagy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy — bularyň hemmesiniň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli aladalary bardyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär.

Aknur ALLABERDIÝEWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu