Žurnalistiň sahypasy

Garaşsyzlyk — milli buýsanjymyz

22-09-2023 / 14

Üstünlikli dowam edýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygyna 32 ýyl dolýar. Garaşsyzlyk berkarar döwletimiziň durmuşynda taryhy mukaddeslikdir. Taryh üçin uzak bolmadyk döwrüň içinde halk bähbitli, döwlet ähmiýetli asyrlara barabar giň gerimli işler durmuşa geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz: «Mukaddes Garaşsyzlygymyz merdana halkymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen nurana arzuwlarynyň, arzyly umytlarynyň, erk-islegleriniň hasyl bolmagydyr» diýip belläp geçýär. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly, çuň manyly sözlerinde ata-babalarymyzyň özygtyýarly, abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamak baradaky süýji arzuw-maksatlary, ata Watanymyzyň şanly geçmişi, şu güni hem-de beýik geljegi jemlenendir. Garaşsyzlyk halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini dünýäde dabaralandyrmaga ýardam eden mukaddeslikdir.

Garaşsyzlyk ýyllarynda güneşli Diýarymyz ähli ulgamlarda uly ösüşleri gazanyp, dünýäde okgunly ösýän döwletleriň hataryna ynamly goşuldy. Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysadyýetde, senagatda, saglygy goraýyşda, ylym-bilim ulgamlarynda, oba hojalyk pudagynda, medeni-ynsanperwer ugurlarda gazanan üstünlikleri buýsandyryjydyr. Bu beýik ösüşler ýurdumyzyň aýdyň ýollardan barýandygyny, röwşen geljeginiň has-da ösüşlidigini dünýä aýan etdi.

Sadokat ALLAKULIÝEWA,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Agroekologiýa hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu