Žurnalistiň sahypasy

Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň belent nusgasy

22-09-2023 / 9

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we deňhukukly netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirýär.

Ýurdumyz sebit we halkara hyzmatdaşlyk meselelerine jogapkärli çemeleşmeleri görkezmek bilen, häzirki döwrüň wajyp wezipelerini işläp taýýarlamak boýunça tagallalary utgaşdyrmaga uly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Bu gatnaşyklar bolsa strategik häsiýete eýedir.

Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň döredijilikli ýörelgeleri Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlarynda öz beýanyny tapdy. Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşyp, oňyn başlangyçlar bilen çykyş etmegi daşary syýasatymyzyň barha dabaralanýandygynyň aýdyň beýanydyr. 

BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňümizdäki sessiýasynyň dowamynda alyp barjak işinde Türkmenistan bitaraplyk, goşulyşmazlyk, gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy ýollar arkaly çözülmegine ygrarlylyk ýörelgelerinden ugur alar.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynda berkidilen parahatçylyk döredijilikli möhüm başlangyçlaryň, şol sanda 2023-nji ýyly «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyň awtory bolup durýar. Bu başlangyç dünýäniň halklarynyň parahatçylykly, özara ynanyşykly ýaşamagynyň däplerini pugtalandyrmak boýunça tagallalary birleşdirmäge, ählumumy wehimlere jogap bermek, bar bolan meseleleri çözmek hem-de geljekki nesiller üçin abadan geljegi gurmak babatda dialogyň we hyzmatdaşlygyň esasynda bilelikdäki işe gönükdirilendir.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sentýabr aýynda Nýu-Ýorkda açylýan nobatdaky sessiýasynda Türkmenistan BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleri we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda, ählumumy ösüşiň möhüm ýagdaýlarydyr meýillerini nazara almak bilen, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi teklip edýär.

Ýurdumyz ählumumy howpsuzlygy gazanmak maksady bilen, BMG-niň işiniň sebit bilen bagly bolmagynyň zerurdygyndan ugur alýar. Munuň özi bilelikdäki işiň anyk bolmagyna, onuň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmelidir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Merkezi Aziýada we onuň bilen goňşy zolaklarda Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek başlangyjy bilen çykyş edip, onuň birinji duşuşygyny 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmäge taýýardygyny beýan edýär.

Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyndaky ileri tutýan garaýyşlary, öňe sürýän täze başlangyçlary Watanymyzyň halkara hukuk kadalaryna, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitarap döwlet hukuk ýagdaýyna hem-de giň netijeli gatnaşyklara berk ygrarlydygyna şaýatlyk edýär.

Jennet OMAROWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu