
Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň hasabyna gündelik durmuşymyzda zerur bolan hyzmatlaryň islendigini hiç ýere barmazdan, menzil sökmezden, nobata durmazdan, oturan ýeriňde ýa-da gezip ýören çagyňda bitirmek mümkinçilikleri giňelýär.
Milli Liderimiziň gol çekip, tassyklan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda durmuşymyza «sanly» özgertmeleriň eýýäm ençemesi ornaşdy. Sanly durmuşa gadam goýanymyza köp ýyl geçmedigem bolsa, kän zatlar babatda gymmatly wagtymyz tygşytlandy. Şunuň bilen birlikde, maglumatlary alyşmagyň tizligi artdy, zähmet öndürijiligi ýokarlandy.
Durmuşymyza sanly bilim ulgamyny pugta ornatmak işleri giň gerime eýe boldy. Çagalar heniz ak mekdebiň gapysyndan ätlän ilkinji pursatlaryndan ellerine okuw üçin gerekli bolan programmalar bilen üpjün edilen kompýuterleri sowgat alýarlar. Munuň özi ýaş nesilleriň hem-ä döwrebap tehnologiýalar bilen has içgin tanyşmagyna, hem-de geçýän okuw derslerini has täsirli özleşdirmegine kömek edýär. Muňa sanly ykdysadyýet eýýamyna taýýar şahsyýetleri ýetişdirmek üçin ilkinji ädim diýsek, dogry bolar.
Türkmenistan kompýuter we telekommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmagyň we goşmaça elektron hyzmatlarynyň hasabyna sanly önümçiligi ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Bu babatda intenet tory uly rol oýnaýar. Häzirki döwürde durmuşymyzy internetsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Internetden diňe gowy maksatlar bilen peýdalanmak, netijede, maglumat goruňy giňeltmek zerur.
Häzirki wagtda Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim bermek işi sanlaşdyryldy. Şeýle-de, okuw maglumatlarynyň sanly gorunyň yzygiderli täzelenmegi we üstüniň ýetirilmegi ýola goýuldy.
Sanly ulgam, internet, elektronika, kompýuter ýaly sözler her bir adamyň dilinde köp gaýtalanýar. Munuň özi XXl asyrymyzyň — tehnologiýalar asyrydygyny ýatladýar. Sanly aragatnaşyk islendik ulgamda hem ýokary netijeli prosesligine galýar. Ykdysadyýet, bank we maliýe ulgamlarynda bolsa, bu has giň gerime eýe.
Ulugbeg BAZARBAÝEW,
TOHI-niň Kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy.



