Žurnalistiň sahypasy

Sagdynlyk — ruhy baýlygymyz

21-09-2023 / 12

Saglygy goraýyş ulgamyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek,jemgiýetde sagdyn durmuş ýörelgesini yzygiderli ýola goýmak babatda, raýatlaryň saglygyny berkitmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Türkmenistan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň  işjeň agzasy hökmünde  ýurdumyzda we bütin dünýäde  adamlaryň saglygyny goramak, olaryň saglygyna we ömrüne howp salýan dürli nogsanlyklary aradan aýyrmak, ýokanç keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek babatda  nusgalyk işleri durmuşa ornaşdyrýar.

Häzirki wagtda howanyň sowamagy bilen güýz-gyş aýlary ýiti respirator ýokanç keseller köpelýär. Keseliň esasynda dem alyş ýollary  zeperlenýär. Ýiti respirator ýokanç keselleri ýygy-ýygydan gaýtalanyp, biziň kadaly durmuşymyza päsgel berýär. Kesel sebäpli adamda gyzgynlygyň ýokarlanmagy kelleagyry, ysgynsyzlyk, umumy gowşaklyk döreýär. Kesel agyr geçen ýagdaýynda ýürek- damar ulgamy, dem alyş ulgamy, merkezi nerw ulgamy zeperlenýär we agyr gaýraüzülmeler ýüze çykýar.

Ýurdumyzda saglyk barada edilýän aladalaryň ýene bir mysaly, bu-sagdyn iýmitlenmek ýörelgesidir. Sagdyn iýmitlenmek- beden üçin fiziologik zerurlyk bolup, işjeň, doly bahaly ýaşaýyşyň girewidir we sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bölegidir.

Gahryman Arkadagymyz sagdyn durmuş ýörelgeleri babatda saglygy goraýyş ulgamyna hem uly ähmiýet berýär. ,,Saglyk’’ Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ilatynyň ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlary bilen upjünçiligini gowulandyrmak, saglygy goraýyş işgärleriniň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak, olaryň ýaşaýyş şertlerini has ýokarlandyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär.

Annamyrat ANNADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň müdiri, l/g podpolkownigi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu