Žurnalistiň sahypasy

Türkmenistan — bilimler ýurdy

22-09-2023 / 10

Islendik döwletiň durnukly we sazlaşykly ösüşi ylym-bilim bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan, bu möhüm ugurlarda alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegi hemişe üns merkezinde saklanylýar.

Ýurdumyzda her ýyl orta we ýokary bilim edaralary, çagalar baglary, sagaldyş we sport merkezleri giň gerimde gurlup ulanmaga berilýär. Asylly däbe görä, şu ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününde hem täze bilim edaralary, şol sanda 13 sany çagalar bagy, 19 sany orta mekdep we okuw-terbiýeçilik toplumy açylyp ulanmaga berildi.

Hususan-da, Arkadag şäherinde Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebi, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy we beýlekiler dabaraly açyldy. Şunuň bilen bir hatarda, Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň döwrebap binalar toplumynyň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde täze goşmaça okuw binasynyň, umumy ýaşaýyş jaýynyň, sport desgasynyň we aýlawly ýolda monumentiň düýbüni tutmak dabaralary boldy.

Ýeri gelende bellesek, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna, şonuň ýaly-da, Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň açylyş dabaralaryna hut özüniň gatnaşmagy ýurdumyzda ýaş nesil baradaky aladanyň birjik-de ünsden düşürilmeýändigini aýdyňlygy bilen görkezdi.

Dogrudan-da, ýaş nesil baradaky alada, ony milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň çäklerinde milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Şirin ATAJANOWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu