Žurnalistiň sahypasy

Ýollarymyz asuda bolsun!

19-09-2023 / 12

Ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk çäre geçirilýär. Raýatlaryň köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry bilmegi hökmandyr. Ýurdumyzyň ýol-ulag düzüminiň barha ösmegi, ulaglaryň sanynyň artmagy netijesinde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin biziň zähmet çekýän gullugymyzyň öňünde uly wezipeler bar. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmegi ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda oňyn netijeleri berýär. Ýurdumyzda ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek bilen ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak diňe bir sürüjileriň däl-de, eýsem, pyýada ýolagçylaryň hem borjudyr.

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde mekdeplerde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda, şeýle hem edara-kärhanalarda köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek kadalaryny düşündirmäge bagyşlanan dürli wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Ýörite düzülen iş meýilnamalar esasynda biraýlygyň dowamynda sürüjiler we pyýadalar tarapyndan köçe-ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmeginiň raýatlaryň ömür dowamynyň kepili bolup durýandygy, bu ugra degişli dürli çäreleriň guralmagyna aýratyn ähmiýet bermegiň zerurdygy barada çykyşlar guralýar. Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen ýollarymyzda pyýadalaryň hereketi artýar. Şunuň bilen baglylykda köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmekde, esasan, çagalar ünsli bolmalydyr. Bu işde mugallymlaryň hem-de ata-eneleriň öwredijilik ähmiýetli maslahatlary ýaş nesiller üçin örän gymmatlydyr.

Pyýada ýolagçylar ýoluň gatnawly böleginden geçenlerinde, diňe pyýadalar üçin ýörite niýetlenen geçelgelerden, şol sanda ýerasty we ýerüsti geçelgelerden, olaryň ýok ýerinde bolsa çatryklarda ýanýodalaryň ýa-da ýolýakalaryň ugrunyň dowamy boýunça geçmelidirler. Pyýada ýolagçylar ýoluň ulaglar üçin gatnawly bölegine çykyp eglenmeli we säginmeli däldir.

Ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Meýlis AKMYRADOW,
Türkmenabat gornizonynyň Harby awtomobil gözegçiliginiň saklanan ulag serişdeleriniň ýygnanyş nokadynyň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu