
Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň etrabymyzda hem beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle dabaralar Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllygynyň öň ýanyndaky buýsançly günlerde has çuňňur many-mazmuna eýe bolýar.
Özbaşdak döwletli bolmak, erkana döwran sürmek pikirleri beýik şahyryň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Halkymyzyň uzak-uzak asyrlaryň dowamynda eden arzuwlary bolsa häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hasyl boldy. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň bitiren we bitirýän işleri ummasyzdyr.
Dagystanyň halk şahyry Resul Gamzatow: «Magtymgulynyň goşgularyny öz dilimize terjime etmek bilen, poeziýa äleminde şeýle ägirt ynsanyň türkmenleriň arasynda bardygyna göz ýetirdim» diýipdir. Bu sözler akyldar şahyryň beýikligini açmak bilen birlikde, şeýle şahyry dünýä beren halka-da hormatyň nyşanydyr. Şeýle pursatda Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyndaky:
Baş egip külli türkmeniň eziz jana-janyna,
Müň togap bilen biz barýarys ýanyna.
Barymyzy şärik edýär ägirt şöhrat-şanyna,
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy —
diýen setirler seriňe gelýär. Biziň her birimiz ussadyň adyny dünýä ýaýmakda öz goşandymyzy goşmaga borçludyrys.
Gahryman Arkadagymyzyň Köpetdagyň gerşinde Magtymguly Pyragynyň heýkelini gurdurmagynda uly many bar. Sebäbi, şahyr aýtmyşlaýyn, daglar — ýeriň myhy, ýerdäki iň uly beýiklik. Beýik şahyryň medeni-seýilgäh toplumynyň dagyň eteginde gurulmagy beýikligi has hem beýige galdyrdy. Diýmek, akyldar şahyryň «Baryp mesgen tutam sizi, daglar, heý!» diýip, welilik bilen aýdan sözleri bu gün Gahryman Arkadagymyzyň ylhamynyň gudratyndan hasyl boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň beýik pelsepesinden dörän ol heýkel türkmeniň daglar belentligindäki köňlünde Magtymguly Pyragynyň ebedi orun alandygyny beýan edýän baky eserdir. Gahryman Arkadagymyzyň şahyryň şanyna goşgy döretmegi-de iki beýiklik baradaky pelsepäni kalbyňa doldurýar. Bu goşgy beýik şahsyýetiň beýik şahyra iň mynasyp ýüzlenmesi boldy.
Agamerdan ALLABERDIÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Nebit gaz desgalarynyň senagat gurluşygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.



