
Ýurdumyz sebit we halkara hyzmatdaşlyk meselelerine jogapkärli çemeleşmeleri görkezmek bilen, häzirki döwrüň wajyp wezipelerini işläp taýýarlamak boýunça tagallalary utgaşdyrmaga uly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Bu gatnaşyklar bolsa strategik häsiýete eýedir.
Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň döredijilikli ýörelgeleri Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlarynda öz beýanyny tapdy. Şol sessiýada döwletimiziň ählumumy ösüşiň esasy ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge gönükdirilen täze başlangyçlary beýan ediler.
Parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri şolaryň hatarynda möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan howpsuzlygyň bitewüligi, onuň dürli ugurlarynyň bölünmezligi we özara baglanyşyklylygy ýörelgesine eýerýär. BMG-niň strategik wezipeleriniň ählisini ýerine ýetirmegiň, şol sanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň möhüm şerti hökmünde oňyn çözgütlere çykmak hem-de ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň kuwwatyndan, onuň syýasy-diplomatik gurallaryndan we belent abraýyndan has netijeli peýdalanmak ugrunda çykyş edýär.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňümizdäki sessiýasynyň dowamynda alyp barjak işinde Türkmenistan bitaraplyk, goşulyşmazlyk, gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy ýollar arkaly çözülmegine ygrarlylyk ýörelgelerinden ugur alar.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynda berkidilen parahatçylyk döredijilikli möhüm başlangyçlaryň, şol sanda 2023-nji ýyly «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyň awtory bolup durýar. Bu başlangyç dünýäniň halklarynyň parahatçylykly, özara ynanyşykly ýaşamagynyň däplerini pugtalandyrmak boýunça tagallalary birleşdirmäge, ählumumy wehimlere jogap bermek, bar bolan meseleleri çözmek hem-de geljekki nesiller üçin abadan geljegi gurmak babatda dialogyň we hyzmatdaşlygyň esasynda bilelikdäki işe gönükdirilendir.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 5-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda açylan nobatdaky sessiýasynda Türkmenistan BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleri we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda, ählumumy ösüşiň möhüm ýagdaýlarydyr meýillerini nazara almak bilen, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi teklip edýär.
Ýurdumyz ählumumy howpsuzlygy gazanmak maksady bilen, BMG-niň işiniň sebit bilen bagly bolmagynyň zerurdygyndan ugur alýar. Munuň özi bilelikdäki işiň anyk bolmagyna, onuň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmelidir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Merkezi Aziýada we onuň bilen goňşy zolaklarda Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek başlangyjy bilen çykyş edip, onuň birinji duşuşygyny 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmäge taýýardygyny beýan edýär.
Türkmen tarapynyň başlangyjy bilen 2022-nji ýylyň 28-nji iýulynda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasyndan ugur alnyp, ýurdumyz tarapyndan Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny ilerletmek hem-de ösdürmek boýunça mundan beýläk-de netijeli çäreler görler.
Hakberdi BAÝMYRADOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.



