Žurnalistiň sahypasy

Garaşsyzlyk ýakymy — Aşgabadyň ýalkymy

17-09-2023 / 12

Döwür bilen aýakdaş gidýän Aşgabat Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde tapgyrlaýyn ösdürilýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Aziýanyň merjen şäheri Aşgabat düýpli özgerdi, ýaşamak üçin ähli amatly şertler döredilen şäher hökmünde ykrar edildi. Ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan orun aldy. Garaşsyzlyk döwründe ýurdumyzyň senagatynda, bilimdir saglyk, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen şanly menzilleri sanasaň sogaby bar. Bu ýetilýän sepgitler diňe bir eziz Watanymyzy ösüşleriň täze basgançaklaryna çykarman, eýsem, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini-de günsaýyn ýokarlandyrýar. Oňa mysaly uzakdan gözlemeli däl. Ýurdumyzda toplumlaýyn amala aşyrylýan maksatnamalar esasynda gazanylan azyk garaşsyzlygy, gurluşykda ýetilen belent sepgitler halkymyzyň durmuşyna gönüden-göni öz täsirini ýetirýär.

Gözel paýtagtymyzda, şeýle hem Watanymyzyň çar künjeginde gurlup, ulanylmaga berilýän dürli maksatly binalar ýa-da düýbi tutulýan täze obalar, şäherçeler, olarda gurulýan ähli amatlyklary bolan, dürli maksatly binalar dünýä ülňülerine gabat getirilip, ýurdumyzda adam hakynda edilýän aladalaryň neneňsi belentdigini görkezýär. Halkymyzyň eşretli durmuşy üçin beýik işlere badalga berýän Milli Liderimiziň saýasynda eziz Watanymyzyň bedew batly gadamlaryna guwanmak ýakymlydyr. Ol gadamlar bilen aýakdaş gitmek, döwrüň sesine ses goşmak bolsa uly bagtdyr hem borçdur.

Mizemez Garaşsyzlyga, hemişelik Bitaraplyga eýe bolan, parahat, asuda ýurdumyzda halkymyzyň abadan, eşretli durmuşyny yzygiderli üpjün etmek ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Elhan MUSTAFAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-­tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu