Žurnalistiň sahypasy

Köňülleriň küýsegi — göwünleriň ganaty

17-09-2023 / 12

«Garaşsyzlyk» sözüniň aňyrsynda uly many ýatyr. Agzybirlikde, jebislikde, asudalykda barha berkidilýän beýik Garaşsyzlyk halkymyzyň häzirki hem geljekki nesilleriniň bagtly ykballarynyň, ýagty ertirleriniň gözbaşydyr.

Dünýä halklaryna özüniň dostluk, doganlyk goluny uzadýan türkmen halkynyň geljegi aýdyň maksatlardan doly. Bu günki gün asly halal, rysgal-bereketli, sahawatly toprakly, mukaddes Watanly, Garaşsyz döwletli türkmen halky asuda asmanyň astynda, owadan Diýarda özüni juda bagtly, erkana duýýar. Döwletli döwrana eýe bolan halk özüniň beýik Garaşsyzlygynyň miwelerini, eşretini görüp, oňa guwanyp ýaşaýar.

Garaşsyzlyk her bir raýatyň, aýratyn-da, ýurduň geljegi hasaplanýan ýaşlaryň durmuşynda has-da uly özgertmelere ýol açdy. Topragy mes, döküni, suwy öz wagtynda ýetirilip duran ýaş nahal köklerini topraga mäkäm urup, basym ese-boýa galmak bilendir. Emma üns berseňiz, ol ýaş mahaly şemal haýsy tarapdan güýçli öwüsse, şol ugra tarap hem ösüp başlaýandyr.

Mukaddes Garaşsyzlygymyz türkmen ýaşlarynyň milli ruhda terbiýelenmegine, pederlerimizden gelýän asylly ýörelgeler esasynda öz öňlerinde maksat goýmagyna, «şemalyň ugruna» däl-de, diňe dogry ýol — watansöýüjiligiň ýoly bilen öz arzuw-maksatlaryna ýetmäge şert döretdi. Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallasy, aýratyn üns-aladasy bilen bu gün türkmen ýaşlary diňe bir ýurduň geljegi däl, olar şu günüň hem esasy güýçlerine, döwrümiziň baýdak göterijilerine öwrüldiler.

Bu ýagty jahanda her bir adamyň baş arzuwy il-ýurdunyň parahatlygy, öý-ojagynyň rahatlygy. Bu gün türkmen halky her bir ynsanyň bagtly bolmagy, gijeleriniň rahat, gündizleriniň parahat bolmagy üçin alada edilýän beýik zamanada ýaşaýar hem-de Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýuny zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar.

Ýaraşjan KARJOWOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Köýtendag etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu