
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän Aşgabat Diýarymyzyň döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir.
Ak mermerli paýtagtymyzda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, sport toplumlary, dynç alyş we döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Häzirki wagtda ýokary ýokary okuw mekdepleriniň ençemesini özünde jemleýän Aşgabat şäherinde milli hünärmenlerimiz dünýäniň ösen bilim derejesinde taýýarlanylýar. Türkmen talyplarynyň halkara ýaryşlarynda ýeňiş gazanýandygy baradaky hoş habarlar yzygiderli eşidilýär, merjen şäherimizde dünýäniň zehinli ýaşlarynyň arasynda olimpiadalar geçirilýär. Munuň özi Aşgabadyň ylym-bilim ulgamynda halkara gatnaşyklaryň iri merkezine öwrülýändiginden nyşandyr.
Döwletimiziň milli bilim ulgamynyň özgerdilmeginde «Türkmenistanda 2020 — 2025-nji ýyllarda çaganyň irki ösüşi we olaryň mekdebe taýýarlygyny ýokarlandyrmak babatda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasynyň» aýratyn orny bardyr. Bu maksatnama döwrüň talabyna laýyklykda, çagalaryň irki döwürden beden, paýhas we ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösdürilmegine gönükdirilendir. Mundan başga-da, döwletimizde döwrebap orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, sagaldyş-dynç alyş merkezleri gurulýar. Bilim edaralaryny zerur okuw kitaplary, gollanmalar bilen üpjün etmek, täze tehnologiýalary we halkara ölçeglere gabat gelýän öňdebaryjy okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär.
Aýjahan ANNAÝEWA,
TOHI-niň Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti hünäriniň 1-nji ýyl talyby.



