
Türkmen ymmatynyň goja çynary,
Şygyr bagynyň ezber bagbany,
Şygyrlary göýä Jemşidiň jamy,
Goja çynaryma tagzym bu gün.
Her sözi bir dür, setiri göwher,
Zeminiň sulhy, älemiň syry,
Garaňky geçmişiň parlak ýyldyzy,
Parlak ýyldyzyma tagzym bu gün.
Watan mertebesi bilen beýgelen,
Halkyna parahat durmuşy islän,
Erkinligi eserinde wagyz eden,
Pyragyň pederine tagzym bu gün.
Akyl gämisiniň küregin aýlan,
Türkmen ruhunyň synmaz täjiniň
Şygyrlaryny bütin dünýä ýaň eden,
Arkadagymyza tagzym bu gün.
Gülnar GOÇOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agroekologiýa hünäriniň 1-nji ýyl talyby.



