Žurnalistiň sahypasy

SANLY ULGAM: ajaýyp özgertmeler we netijeler

16-09-2023 / 9

Sanly ulgam — geljegiň ygtybarly we ykrar edilen ösüş ýoly. Bütin dünýäde ykrar edilen bu ulgamyň adamzat üçin örän möhüm ähmiýeti soňky birnäçe ýylyň içinde has-da duýuldy. Adatdan daşary we garaşylmadyk ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna, halkara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda hem-de ykdysadyýetiň pudaklarynda çäklendirilmeleriň girizilmegine sebäp bolan pandemiýa sanly ulgamsyz şeýle meseleleri ýeňip geçmegiň müşgildigini subut etdi. Bu ösüşiň innowasion ugry bolan sanly ulgamyň dünýäde emele gelýän çylşyrymly halatlara garşy ykdysadyýetiň çeýeligini ýokarlandyrjak we halk hojalygynyň pudaklarynda belent sepgitlere ýetmäge ýardam berjek döwrebap guraldygyny görkezýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýeti bedew bady bilen ösýän ata Watanymyz häzirki güne çenli sanly ulgamy ornaşdyrmak we ösdürmek babatda giň tejribe toplady. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda başy başlanan sanly reforma hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde üstünlikli dowam etdirilýär.

Häzirki wagtda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, sanly reforma ýurdumyzda netijeli durmuşa geçirilýär. Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynda ajaýyp özgertmeler durmuşa geçirildi. Serwerleri satyn almak we ornaşdyrmak arkaly elektron resminama dolanyşygy ulgamy ýola goýuldy. Zerur enjamlar we programma üpjünçilikleri ornaşdyrylyp, internet web-saýtlary kämilleşdirildi. Netijede, toplum bilen bagly maglumat elýeterliligi ýokarlandyryldy, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň bölümleriniň arasyndaky içerki resminama dolanşygynyň bökdençsiz hem-de durnukly işlemegi üpjün edildi.

Läle IGDIROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu