Žurnalistiň sahypasy

Damjalaýyn suwarmak – amatly tejribe

15-09-2023 / 14

Biziň ýurdumyzyň klimatynyň guraklygy sebäpli, oba hojalyk ekinlerini suwarmak üçin suwy tygşytlaýjy tehnologiýalar bolan damjalaýyn suwarmak we emeli ýagyş ýagdyrmak usuly önümçilige giňden ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak babatda kanunçylygy özgertmek boýunça uly ädimler ädildi, netijede, kanunçylyk namalarymyza düýpli özgerişlikler girizildi. Durmuşymyzy gözelleşdirip, ynsan ömrüni uzaldýan zerurlyklaryň ählisi biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr.

Damjalaýyn suwaryş ulgamy – bu suwy tygşytlaýan we gerekli mukdarda gerekli ýere netijeli akmagyna mümkinçilik berýän mikro suwaryş usullaryndan biridir. Elbetde, ulgam gaty haýal işleýän ýaly bolup görünýär, emma aslynda beýle däl. Suw kök zonasyna gönüden-göni damýar we bu bugarmagyň göterimini azaldýar. Bu ulgam oba hojalyk ekinleriniň aglabasynda ak we aralyk ekinlerde, mekgejöwende hem örän ähmiýetlidir.

Damjalaýyn suwarmagyň esasy peýdalary

Topragyň iň ýokary howa çalşygy. Enjam toprakda ösümligiň zerurlygy ýaly çyglylygy saklamaga mümkinçilik berýär. Bu usul bilen kökler tutuş ösümlik möwsüminde erkin dem alýar;

Işjeň kök ösüşi. Bu usul, beýleki suwaryş usullary bilen deňeşdirilende ösümligiň kökleriniň ösüşini çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Ösümlikleri goramak. Damjalaýyn suwaryş döwründe ösümligiň ýaprakly bölegi çygly bolmaz. Bu keselleriň döremek ähtimallygyny azaltmaga kömek edýär we kesellerden hem-de zyýan berijilerden geçirilen bejergi ýapraklardan ýuwulmaýar;

Iň az zähmet çykdajylary. Ulgam düýbünden özbaşdak we eýesine gündelik el bilen suwarmakdan dynmaga mümkinçilik berýär;

Tygşytlylyk. Damjalaýyn suwarmak suwuň 60-70% -ini tygşytlap biler, sebäbi peýdasyz çykdajylar azaldylýar. Suw diňe zerur ýerlere berilýär.

Daş-töweregimizi gurşap alan tebigy gurşaw, ýagny ýer, suw, ösümlik we haýwanat dünýäsi, howa giňişligi Zeminde adamzat ýaşaýşynyň dowam etmeginiň esasy baýlyklarydyr. Şol baýlyklary gorap, olaryň ajaýyplygy, tämizligi barada yzygiderli alada etmek biziň her birimiziň borjumyzdyr. Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde üstünlikli amala aşyrylýar.

Daýanç NURÝAGDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu