Žurnalistiň sahypasy

Dutaryň gudratly güýji

14-09-2023 / 10

Asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize çenli gelip ýeten köpugurly bagşyçylyk sungaty türkmen medeniýetiniň bitewüligini özünde jemleýän ýokary ussatlygyň nusgasydyr. Ol köpasyrlyk çeperçilik däpleriniň esasynda döräp, janly ýerine ýetirijilik tejribesi bilen nesiller tarapyndan kämilleşdirilipdir. Halkymyzyň durmuşyny şöhlelendirýändigi üçin döredijiligiň bu görnüşine hemme döwürlerde-de aýratyn hormat-sarpa bilen garapdyrlar.

Dutaryň umumadamzat gymmaty we aýdym-saz ussatlygy barada aýdylanda, halkymyzda saz sungatynyň parahatçylygyň hem-de dostlugyň nyşany hökmündäki ähmiýetini bellemelidiris. Türkmen saz sungatynyň özboluşlylygy bolan ýekelikde dutar çalmak ýoly Merkezi Aziýanyň saz gurallary medeniýetinde ykrar edilen aýratyn ugurdyr. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde guralýan “Çalsana, bagşy!” atly döredijilik bäsleşigi hem ýaş zehinleri ýüze çykarmakda aýratyn ähmiýetlidir..

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda nygtalyşy ýaly, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň ulanmaga berilmegi ýaş nesilleriň kalbynda milli bagşyçylyk we sazçylyk sungatymyza söýgi döretmekde, ýaş bagşy-sazandalary kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki döwürde türkmen medeniýeti we sungaty jemgyýetimiziň bitewüligini, halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda medeni-ruhy galkynyşy döredýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek, medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, il içinden sungaty ösdürmäge höwesli ýaş bagşy-sazandalary ýüze çykarmak hem-de goldamak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar

Batyr ÝAZMYRADOW,
Lebap welaýatynyň çagalar sungat mekdebiniň direktory.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu