
Diýarymyzda amala aşyrylýan bilim özgertmeleri türkmen ýaşlarynyň döwür bilen deň gadam basyp, innowasion tehnologiýalardan we sanly ulgamdan baş çykarýan, dünýä dillerini bilýän hünärmenler bolup ýetişmegi üçin gönükdirilýär. Munuň özi ýaş nesilleri ylym-bilim äleminde täzeden-täze üstünliklere ruhlandyrýar, olarda Watansöýüjiligiň ýokary ruhuny terbiýeleýär.
Bütin dünýäde döwletleriň özara baglylygynyň has-da çuňlaşýan häzirki zaman şertlerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge we ösdürmäge mynasyp goşant goşjak hünärmenleri ýetişdirmek döwrüň talabydyr. Munuň üçin, ilkinji nobatda, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek gerek. Çünki daşary ýurt dillerini bilýän hünärmenleriň bu aýratynlygy olaryň esasy artykmaçlyklarynyň biridir.
Dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlykda, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, olaryň medeniýetini, sungatyny öwrenmekde dil baýlygynyň ähmiýeti örän uludyr. Bu ugurda pederlerimiz hem ençeme aýtgylary döredipdirler. Muňa Milli Liderimiziň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda: «Dil bilen dana, dil bilmeýän diwana», «Dil bilen dünýäni gezer», «Kitap okamaýan bir dili biler, kitap okaýan kän dili biler» diýen ajaýyp pähimleriň getirilmegi-de aýdyň şaýatlyk edýär. Diýmek, dil bilmek, öwrenmek köpasyrlyk taryhy bolan türkmen halky üçin ata-baba dowam edip gelýän asylly ýol-ýörelgedir.
Islendik daşary ýurt dilini öwrenmek üçin, ilkinji nobatda, oňa höwesiň bolmaly. Sözleýiş dilini köp ulanyp, söz baýlygyňy artdyrmaly. Sapaklaryň sorag-jogap arkaly ýa-da bäsleşikli esasda guralmagy, görkezme esbaplaryndan peýdalanmak hem sözleýiş dilimiziň baýlaşmagyna ýardam edýär. Dil öwrenmekde sanly bilim ulgamynyň, döwrebap tehnologiýalaryň ähmiýeti has-da uludyr. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzda dil biliminiň ösdürilmeginde, dilleri çuňlaşdyryp öwrenmekde gazanylan ýene-de bir ösüşdir. Konsepsiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň bilim ulgamynda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny, ony öwretmegiň okuw-usulyýet binýadyny döwrebaplaşdyrmak bilen, ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede bilmeklerini üpjün edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan çykan ajaýyp eserleriň dünýä dilleriniň ençemesine terjime edilmegi göwünleri ganatlandyrýar.
Şirin ANNAGULYÝEWA,
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň mugallymy.



