Žurnalistiň sahypasy

Garaşsyzlyk — kalbymyzyň senasy

13-09-2023 / 16

Garaşsyzlyk türkmen halkynyň ykbal äleminde dogan nurana Kuýaşdyr. Häzirki günlerde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýuna ruhubelentlik bilen taýýarlyk görülýär.

Garaşsyzlyk döwletimiziň, halkymyzyň at-abraýyny, şöhratyny, mertebesini, ruhy dünýäsini belende göterdi. Garaşsyzlyk ýürekleriň egsilmez buýsanjydyr, başymyzyň altyn täjidir. Onuň waspy umman ýaly egsilmezdir, erkanalyk waspy sena bolup ýaňlanyp, aýdyma, saza, esere öwrülip, kalplaryň töründe müdimilik orun tutup, ylhamyňy joşdurýar, on iki süňňümize ornap, mizemezlige, ezizlige, bakylyga eýe bolýar.

Geçen asyryň ahyrlarynda, has takygy, 1991-nji ýylda ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny gazanmagy bilen, ata Watanymyza, mähriban halkymyza erkanalyk döwrany dolandy. Durmuş ugurly ykdysady syýasaty alyp barýan Garaşsyz Türkmenistan bu gün durmuş hajatlaryna, adamlaryň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmaga, täze ýaşaýyş jaýlaryny, mekdeplerdir çagalar baglaryny, saglygy goraýyş desgalaryny giň gerimde gurmaga uly ähmiýet berýär. Her ýylda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberi 10 göterim ýokarlandyrylýar. Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz bedew batly ösüşleriň, parahatçylygyň, dost-doganlygyň, toý-baýramyň, gurmagyň we döretmegiň röwşen ýoly bilen öňe barýan kuwwatly senagat ýurduna öwrüldi.

Garaşsyzlyk baýramy türkmen halkynyň naýbaşy toýudyr, berkararlygyň, bagtyýarlygyň dabaralanmasydyr. Häzirki günlerde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyny mynasyp derejede garşylamak, oňa ajaýyp zähmet sowgatlaryny taýýarlamak üçin joşgunly zähmet çekýän mähriban halkymyz ähli ugurlar boýunça beýik sepgitleri eýeleýär.

Mekan BERDIMYRADOW,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu