
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasyna ýeten halkymyz bize şeýle bagtly günleri miýesser eden mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýuna uly zähmet üstünlikleri bilen barýar.
Garaşsyzlyk — halkymyzyň maddy we ruhy galkynyşy. Her bir türkmeniň köňlüniň täji. Eziz Diýarymyz şu geçen şöhratly ýyllaryň dowamynda syýasy, ykdysady, medeni taýdan dünýäniň has çalt depginler bilen ösýän we galkynýan ýurtlarynyň birine öwrüldi. Watanymyzyň beýik geljegini üpjün etmekde ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, kämil nesliň kemala gelmegi üçin uly tagallalar edildi.
Garaşsyzlyk baýramy parahatçylygyň we abadançylygyň, agzybirligiň we jebisligiň baýramydyr. Türkmen halky Garaşsyzlyga eýe bolan gününden başlap, ony uly joşgun bilen belläp geçýär. Bu baýramçylyk adamy iň ýokary gymmatlyk hasaplaýan, adamlaryň parahatçylykda we agzybirlikde ýaşaýan demokratik, Bitarap döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýan ýurdumyzyň durmuşynda täze eýýamyň başyny başlady.
Biz — Garaşsyzlyk bagtyndan paýly, ajaýyp döwrümiziň bagtyýar ynsanlary. Berkarar döwletimiziň, eşretli ýaşaýşymyzyň sakasynda duran Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Akyl DURDYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.



