Žurnalistiň sahypasy

Pagtaçylyk — möhüm ähmiýetli pudak

13-09-2023 / 14

Mälim bolşy ýaly, 9-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, bu möhüm oba hojalyk möwsümi Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda badalga aldy. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, pagta ýygymy Daşoguz welaýatynda 15-nji sentýabrda başlanar.

Täze möwsümde tutuş ýurdumyz boýunça gowaça ekmäge 580 müň gektar ekin meýdany bölünip berildi. Şol ýerlerde şu ýylyň baharynda pagtanyň «Ýolöten — 7», «Ýolöten — 39», «Jeýhun», «S-2606», «Daşoguz — 120», «Gubadag — 3», «149-F», «Ýolöten — 14» ýaly görnüşleri ekildi. «Ak altyny» ýygnap almakda, döwrebap pagta ýygýan kombaýnlar, çig maly daşamakda bolsa ýük awtoulaglary, traktorlar hem-de traktor tirkegleri ulanylar.

Pagta ýygym möwsüminiň sazlaşykly işini yzygiderli üpjün etmek üçin ýerlerde ulanylýan tehnikalara gije-gündizleýin tehniki hyzmat işleri guraldy, mehanizatorlaryň, sürüjileriň we pagtany el bilen ýygmaga gatnaşýanlaryň öndürijilikli işlemekleri, doly derejeli dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredildi. Kabul ediş bölümleri we pagta arassalaýjy kärhanalar täze hasyly kabul etmäge taýýarlanyldy. Olaryň ýanynda ýerleşýän barlaghanalarda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň hünärmenleri gelip gowuşýan önümiň hiliniň ýokary derejede barlanylmagyny üpjün ederler.

2023-nji ýylyň pagta ýygym möwsüminde Türkmenistanyň partiýalary, şeýle hem jemgyýetçilik guramalary öňdebaryjy kärendeçileriň, mülkdarlaryň, ýer eýeleriniň, kombaýnçylaryň we sürüjileriň alyp barýan işlerini höweslendirerler. Şoňa görä-de, 9-njy sentýabrda Ahal, Lebap, Mary we Balkan welaýatlarynyň kabul ediş bölümlerine, pagta arassalaýjy zawodlaryna üsti «ak altyn» hasyly bilen doldurylan awtoulaglaryň hem-de tirkegli traktorlaryň ilkinji kerwenleriniň gelmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Gunça NAZAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu