
Halkymyz Garaşsyzlyk baýramyny — ýurdumyzyň baş toýuny hakyky türkmen myhmansöýerligi bilen uludan tutar. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 32 ýyllygyna görülýän taýýarlyk, döwlet berkararlygynyň şanly toýuny mynasyp garşylamak baradaky meseleler döwlet derejesinde öňden bäri ara alnyp maslahatlaşylyp gelinýär. Türkmen halky üçin bu şanly senäniň ähmiýeti ymgyr uly, onuň köpmüňýyllyk taryhy XXI asyrda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlar boýunça ýetilen belent sepgitler bilen dabaralanýar.
Sentýabr aýy — halkymyzyň sabyrsyzlyk bilen garaşan aýy. Beýik baýramçylyk — ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlyk toýy bu aýa aýratyn dereje, şöhrat berýär. Bu ganatly jümläni näçe gaýtalasaň, gaýtalasyň gelýär. Onda jady, lezzet, mähir bar. Bu aýyň her bir gününiň şanly toýuň dabaralary bilen beslenmegi ýüregiňi has-da joşduryp, ruhuňy galkyndyrýar.
Garaşsyz Watanymyzyň şanly 32 ýyllyk toýunyň çäklerinde, ýagny sentýabrda, esasan, täze durmuş-medeni maksatly desgalar ulanylmaga berler, baýramçylyk çäreleri guralar. Şeýle zähmet üstünlikleri hem ýurdumyzyň baş baýramyna ajaýyp sowgatdyr.
Garaşsyzlyk baýramy beýik işlerimiziň dabaralanmasydyr. Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň sene ýazgysy köp sanly ajaýyp wakalar hem-de işler bilen bellenildi.
Garaşsyzlyk toýunyň dabaralarynyň hut Bilimler we talyp ýaşlar gününiň giň gerimli wakalaryndan başlanmagy hem uly ähmiýete eýedir. Munuň özi garaşsyz ösüşiň belent sepgitleriniň we nazarlanýan maksatlaryň ylymly-bilimli, döwrebap dünýägaraýyşly nesiller bilen berk baglanyşyklydygyny aýdyň tassyklaýar.
Hurmagül ÝULDAŞEWA,
TOHI-niň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.



