Žurnalistiň sahypasy

Kitap oka, dünýäni aç!

11-09-2023 / 127

Kitap okamak mertebäňi beýgeldýär. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýýär. Kitaby söýýän okumyş adamyň düşünjesi çuň, dünýägaraýşy giň bolýar. Çünki kitaplarda dürdäne pikirler, dünýä akyl ýetirmegiň usullary, syrlary, ynsanyň içki dünýäsine oňyn täsirini ýetirýän ruhy gymmatlyklar beýan edilýär.

Kitaba söýgi kitaphanalaryň döremegine-de esas bolýar. Bu goja taryhyň ykrar eden maglumatydyr. Dünýäde diňe türkmen topragynda döredilen kitaphanalaryň özi geçmişde-de kitabyň sarpasynyň belent bolandygyny äşgär edýär.

Gündogaryň belli alymlarynyň jemlenen ýeri bolan Merwde kitap medeniýetiniň ýokary derejesi kemala gelipdir. Irki döwürlerde Merwi “täjirleriň hem-de alymlaryň şäheri” diýip hem atlandyrypdyrlar. Munuň özi şäherde iri ruhy gymmatlyklar gaznasynyň döremegini şertlendiripdir. Häzirki zaman ylmy barlagçylary Merwiň iri kitap ýygyndylarynyň 13-siniň adyny anykladylar. Dünýäniň hiç bir şäherinde şunuň ýaly alymlaryň we bu ugra degişli meşhur adamlaryň toplanan ýeri ýokdur diýip, arap geografiýaçysy Ýakut belläpdir. Şeýle hem Merw ýaýlasyndaky Sarahs we Mäne şäherleriniň kitaphanalary hakyndaky maglumatlar saklanypdyr. 

Bu taryhy maglumatlar türkmen halkynyň kitaby we golýazmalary ynsan ruhunyň hazynasy, paýhas çeşmesi, umumadamzat hakydasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde aýawly saklamak däbiniň asyrlaryň jümmüşinden gaýdýandygyny äşgär edýär. 

Döwrüň geçmegi we täze tehnologiýalaryň ösmegi bilen, kitap okamak işi döwrebap derejede kämilleşdi. Häzir kitaplar elektron görnüşde, onlaýn tertibinde elýeterli boldy. Indi kompýuterleriň we ykjam telefonlaryň kömegi arkaly belli kitaphanalara aralaşmak hem-de zerur neşiriň sanly görnüşini almak mümkinçiligi döredi.

Şirin AGAMYRADOWA,
Dänew etrabynyň Garaşsyzlyk şäherçe kitaphanasynyň kitaphanaçysy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu