Sagdyn durmuş

Bir damja suw we saglyk

10-09-2023 / 27

Suw – ýaşaýşymyzyň gözbaşy. Adam bedeniniň hem aglaba bölegini suw tutýar. Bu görkeziji çagalarda has uludyr. Halk arasynda ýaňy doglan bäbege «suw ýaly çaga» diýilmesi-de ýöne ýerden däldir.

Ynsan bedeniniň üçden iki bölegini suw emele getirýär. Beýnimiziň 95, ganymyzyň 82, öýkenimiziň 90 göterimi suwdan ybarat. Bedenimizdäki suwuň mukdarynyň 2 göterim kemelmegi ýatkeşligiň, görşüň pese gaçmagy ýaly birnäçe howply kesellere getirýär.

Suwsan adama ýekeje damja suwuň em bolşy ýaly, biziň janymyz, ganymyz hem şol ýekeje damja suw bilen aýlanýandyr. Suw ynsan bedeniniň kadaly işlemeginde möhüm orny tutýar.

Suw bolmadyk ýagdaýynda bedenimiziň işleýiş kuwwaty pese gaçýar. Umuman aýdylanda, ähli öýjükleriň we dokumalaryň ýaşaýşy suwa baglydyr. Ýeterlik mukdarda suw içmeklik birnäçe keselleriň öňüni alýar. Ynsan bedeninde, ortaça, 42 göterim suw bardyr. Onuň 2,7 litriniň kemelmegi dürli oňaýsyz hadysalara alyp barýar. Şol sebäpden tomus günlerinde daşa çykylanda, ýanyňda suw götermegi hem unutmaly däl. Bu biziň saglygymyzy goramaga ýardam eder.

Şanur ŞYHYÝEW,
TOHI-niň Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu