Žurnalistiň sahypasy

Ýaşlar bilen öňe barýar Diýarym

06-09-2023 / 8

Ýaş nesiller ýurduň hereketlendiriji güýjüdir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasaty nesillerimiziň geljekde ruhy-medeni hem-de durmuş-ykdysady ösüşiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna itergi berer.

Ýaşlar — jemgyýetiň öňdebaryjy gatlagy. Ýurdumyzda ýaşlar üçin mümkinçilikleriň ähli gapysy açyk. Eziz Watanymyzyň bagtly geljegini gazanmagyň baş şerti türkmen ýaşlaryny ylymdan ýüki ýetik, ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän hünärmenler edip ýetişdirmekden ybaratdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýaşlaryň bagtyýar durmuşy baradaky giň gerimli aladalaryň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolmak bilen, olaryň kabul edilen hem-de hereket edýän milli kanunçylyk namalaryna, ýurdumyzyň egsilmez kuwwaty bolup durýan ýaşlaryň röwşen ykbalyna gönükdirilen ýörelgelere esaslanýandygy has-da guwandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň, şeýle-de «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzda ýaşlar barada edilýän aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan esasy ugurlaryň biridigini subut edýär.

Agzybir halkymyz, esasan hem ýaşlar ýurdumyzyň syýasy durnuklylygyny, okgunly öňe gitmegini, ähli pudaklarda sazlaşykly ösüşi üpjün etmek üçin mynasyp zähmet çekip, uly goşantlaryny goşmagy özleriniň il-ýurt öňündäki perzentlik borçlary hasaplaýarlar. Yhlasly okamak, döredijilikli we tutanýerli işlemek, eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin halkymyzy beýik işlere ruhlandyrýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Sahawatly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Nazar AZIMOW,
leýtenant.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu