Žurnalistiň sahypasy

Ählumumy abadançylyk we ösüş taglymlaryna ygrarlylyk

06-09-2023 / 9

Türkmenistan abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen hyzmatdaşlygy depginli ösdürýär. Ýakyn günlerde Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasy öz işine başlar. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde dünýä ýurtlarynda ýetilen sepgitleri, häzirki döwürde halkara syýasatda bolup geçýän, ählumumy abadançylyga täsirini ýetirýän ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilen bu ýokary derejeli duşuşyk Türkmenistanyň nobatdaky syýasy möwsümde ileri tutýan garaýyşlaryny halkara jemgyýetçilige ýetirmek we olary durmuşa geçirmek babatda ähmiýetli forum bolup durýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji, 71-nji, 75-nji we 77-nji mejlisleriniň wise-başlyklygyna saýlanylandygyny buýsançly ýatlaýarys. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň üstünlikli we biragyzdan kabul eden Kararnamalarynyň 20-den hem köpüsiniň awtory hökmünde çykyş etdi.  Munuň özi  ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň giň goldawa, ykrarnama eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň döredijilikli ýörelgeleri Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlarynda öz beýanyny tapdy. 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda açylýan bu sessiýada döwletimiziň ählumumy ösüşiň esasy ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge gönükdirilen täze başlangyçlary beýan ediler.

Parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri şolaryň hatarynda möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan howpsuzlygyň bitewüligi, onuň dürli ugurlarynyň bölünmezligi we özara baglanyşyklylygy ýörelgesine eýerýär. BMG-niň strategik wezipeleriniň ählisini ýerine ýetirmegiň, şol sanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň möhüm şerti hökmünde oňyn çözgütlere çykmak hem-de ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň kuwwatyndan, onuň syýasy-diplomatik gurallaryndan we belent abraýyndan has netijeli peýdalanmak ugrunda çykyş edýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňümizdäki sessiýasynyň dowamynda alyp barjak işinde Türkmenistan bitaraplyk, goşulyşmazlyk, gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy ýollar arkaly çözülmegine ygrarlylyk ýörelgelerinden ugur alar. Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümleri bilen alyp barýan netijeli hyzmatdaşlygy, açyk, ynsanperwer, demokratik häsiýete eýe bolan daşary syýasy ugry Bitarap Türkmenistanyň dünýä bileleşigindäki abraý-mertebesini barha artdyrýar.

Gültäç AGAMYRADOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu