Žurnalistiň sahypasy

Göwünleri joşduran başlangyç

06-09-2023 / 10

Bilimler we talyp ýaşlar gününde Lebap welaýatynda 8 sany täze mekdep, 1 sany çagalar bagy açylyp, ulanylmaga berildi. Edil şol gün ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdebiniň ― Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy bolsa günüň  esasy wakalarynyň biri boldy.

Ýadyňyzda bolsa, hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylyň 14-nji iýunynda welaýatymyzdaky ýeke-täk ýokary okuw mekdebiniň ― Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumyny gurmak baradaky taryhy Karara gol çekdi. Munuň özi institutyň mugallymlarydyr bagtyýar talyplaryny buýsançly bagta besledi.

Türkmenabat şäheriniň gözel künjeginden ýer alan bu baýry bilim ojagynyň «Nahal» hojalyk jemgyýetiniň gurmagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda gurlup, ulanylmaga berler. Şol günler Türkmenabat şäheriniň görki üýtgeşik sazlaşyga eýe bolar. Çünki şäheriň bu künjegindäki «Türkmeniň Ak öýi» binasy, «Lebap» söwda we dynç alyş merkezi, 10 müň orunlyk köpugurly sport toplumy, «Bagt köşgi» dabaralar merkezi we Ruhyýet köşgi ýaly beýleki döwrebap binalar  bilen täze ajaýyp binalar toplumynyň sepleşmesi gadymy Jeýhunyň ýakasyny ýakalap oturan merkez şäheriň görküne aýratyn görk goşjagy ikuçsyzdyr.

Täze bilim ojagy  5 müň orunlyk bolar. Institutyň täze binalar toplumynda ylmyň dürli ugurlary bilen meşgullanmaga giň şertler dörediler. Munuň özi institutda berilýän bilimiň hiliniň has ýokary bolmagyna goşant goşar.

Häzirki wagtda bu bilim ojagynda talyplaryň müňlerçesi bilim alýar. Istitutda Ýaş alymlaryň merkeziniň, döredijilik otagynyň hereket edýändigi aýratyn bellärliklidir. Geljekde bolsa bularyň gerimi has-da giňär. Munuň özi ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamyndaky beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşar.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy bu baýry ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarydyr talyplaryny diýseň begendirdi. Hormatly Prezidentimiziň bize bildirýän uly ynamyny ödemek üçin ylym-bilimde, zähmetde öňegidişlikleri gazanyp, ýurdumyzyň ösüşine goşant goşarys.

Dünýä ülňülerine laýyk gelýän şeýle uly bilim ojagyny gurduryp berýän, göwünlerimizi joşduran başlangyç üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris.

Bägül HUDAÝBERDIÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň pedagogika fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu