
Üstünlikli dowam edýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygyna 32 ýyl dolýar. Bu naýbaşy sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyryldy. Garaşsyzlyk berkarar döwletimiziň durmuşynda taryhy mukaddeslikdir. Taryh üçin uzak bolmadyk döwrüň içinde halk bähbitli, döwlet ähmiýetli asyrlara barabar giň gerimli işler durmuşa geçirildi.
Garaşsyzlyk ýyllarynda güneşli Diýarymyz ähli ulgamlarda uly ösüşleri gazanyp, dünýäde okgunly ösýän döwletleriň hataryna ynamly goşuldy. Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysadyýetde, senagatda, saglygy goraýyşda, ylym-bilim ulgamlarynda, oba hojalyk pudagynda, medeni-ynsanperwer ugurlarda gazanan üstünlikleri buýsandyryjydyr. Bu beýik ösüşler ýurdumyzyň aýdyň ýollardan barýandygyny, röwşen geljeginiň has-da ösüşlidigini dünýä aýan etdi.
Häzirki wagtda ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Täze maksatnamalarda ykdysadyýetiň ähli ugurlary aýdyň beýan edilýär, möhüm maksatlar öňde goýulýar.
Bu gün Garaşsyzlykdan galkynyp, asuda örýän nowjuwan kalply ýaşlarymyzyň ýüzleri mähirden doly. Bu bolsa bagtyýar ýaşaýşymyzy kepillendirýän aýdyň alamatdyr. Bütin älemi haýrana goýýan ösüşleriň, özgerişleriň ýurdunda ýaşamak, okamak, bilimiňi artdyrmak, Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmak her bir ynsan üçin uly bagtdyr. Biz bu beýik bagta buýsanyp, ony wasp etmelidiris.
Jennet BEKMETOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.



