Žurnalistiň sahypasy

Daş sungatynyň ähmiýeti

04-09-2023 / 17

Daş biziň Ýer planetamyz ýaly gadymydyr. Ilkidurmuş adamlary daşy zähmet guraly hökmünde ulanypdyr. Ýiti daş bilen ol  haýwan awlapdyr. Tekiz daş bilen däneli ösümlikleriň tohumlaryny sürtüp owradyp, reňklileri we ýalpyldaýanlary bezeg üçin ulanypdyrlar.

Ilkidurmuş adamlary öz mümkinçilikleriniň çäklerinde daşlar boýunça hünärmen bolupdyr. Käbir agyr daşlaryň oduň közünde ereýändigini, sowandan soňra ýalpyldawuk tokga öwrülýändigini tötänden bilipdir. Soňra ol magdanly daşdan alnan ergini palçykly şekile guýmak arkaly pyçak, palta, peýkamyň uçluklaryny we öz durmuşynda zerur bolan beýleki predmetleri alyp bolýandygyny ýüze çykarypdyr.

Adam durmuşynda häzirki zaman döwürde metallar, soňky wagtlarda bolsa — plastmassalar daşyň ornuny tutup başlady. Ýöne häzir hem daşyň roly örän uludyr. Häzirkizaman durmuşyny daşsyz göz öňüne getirmek mümkin däl: ol binalaryň, kenarýaka köprüleriň ýüzi örtülende zerurdyr, ondan gözel ýadygärlik heýkelleri oýup ýasaýarlar. Islendik bina gurlanda daş wajypdyr, ol ýollar çekilende we zerur bolup durýar. Hek daşy heki ýakmak üçin zerurdyr, mergelden sement, mineral dökünleri almak üçin gymmatly çig mal bolan fosforit alynýar, ak palçykdan farfor we faýans önümleri, adaty palçykdan — küýze önümleri, çerepisa we kerpiç taýýarlanylýar.

Türkmenistanda has gadymy döwürlere degişli zähmet gurallary Türkmenbaşy şäheriniň gündogarynda ýerleşýän Ýaňyja we Garaseňňir duralgalarynyň aralygynda arheologlar tarapyndan ýüze çykaryldy.

Hazaryň kenaryndan tapylan daş gurallaryň «ussahanasynda» köpsanly inçejik temenleriň bolmagy ýöne ýere däldir. Olary agaçlardyr süňklere oýup nagyş çekmek üçinem, deriden geýim, halta ýa-da torba tikmek üçinem ulanmak mümkin bolupdyr. Adamlar şol döwürde-de endamyny bütewi deri bilen örtüp oňaýmandyr. Olar belli bir göwrümde biçilip tikilen egin-eşikleri geýmäge, galyberse-de, deňiz balykgulaklaryndan ýasalan şelpelerdir monjuk düzümleri bilen özüni bezemäge-de çalşypdyrlar.

Dünýäniň dürli ýerlerinde bolşy ýaly, Türkmenistanyň ýerlerinde hem gadymy döwrüň heýkeltaraşlyk sungatynyň ilkinji başlangyjy döräp ugrapdyr. Bu ýerlerde haýwanlaryň bişirilen hem çig palçykdan ýasalan şekilleri eneolit eýýamynda ýüze çykypdyr.

Sabina MERDANKULOWA,
Hojambaz etrap Döwletli şäherçe çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu