Žurnalistiň sahypasy

Milli mirasymyz – ösüşleriň binýady

03-09-2023 / 11

Türkmenler dünýäde iň gadymy halklaryň biridir. Türkmen topragynda emele gelen medeniýetiň, sungatyň, edebi mirasyň ýeke-täk eýesi hem türkmenler hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda medeni mirasy öwrenmeklige uly ähmiýet berilýär.

Gadymy we müdimi mirasymyzy dünýä çykarmaklygy baş maksat edip goýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan medeni ugry umumadamzat medeni gatnaşyklaryna gönükdirilendir. Türkmen halky tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda döredilen maddy däl medeni mirasymyzyň gymmatlyklarynyň nusgalaryny toplap öwrenmek, gorap saklamak babatynda maksatlaýyn işleri alyp barmaklyk hem-de geljekki nesillere ýetirmek ugrunda ylmy-usulyýet, wagyz-nesihat häsiýetli işleri ýola goýmak, ilatdan toplanylan maglumatlary arhiwleşdirmek, olaryň maglumatlar binýadyny döretmek ugrunda uly işler amala aşyrylýar.

Türkmen halky dünýäniň maddy we medeni gymmatlyklaryna öz mynasyp goşandyny goşan halk. Häzirki döwürde halkymyzyň maddy we maddy däl medeni gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Medeni we ruhy gymmatlyklaryň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi halkymyzyň buýsanç çeşmesidir. Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý ýadygärlikler toplumlary dünýäniň dürli ýurtlarynyň hünärmenlerinde, syýasatçylarynda uly gyzyklanma döredýär.

Türkmen halysy, ahalteke bedewi, alabaýy, milli lybaslarymyz, şaý-seplerimiz, nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiligi, dessanlarymyz, mukamlarymyz gaýtalanmajak özboluşlulygy bilen tapawutlanýar. Maddy-medeni mirasymyz bilen birlikde, ruhy mirasymyz, ýagny, türkmen halkynyň asyrlaryň synagyndan geçen halk döredijiligi dünýä medeniýetiniň naýbaşy ýadygärlikleri hasaplanýar. Meşhur “Görogly” şadessanymyzyň, “Küştdepdi” tans sungatymyzyň, türkmen halyçylyk sungatynyň, şeýle-de “Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty” atly milli hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Gallkynyşy döwründe Türkmenistan ýurdumyzyň abraý-mertebesi, şan-şöhraty dünýä dolýar. Munuň şeýle bolmagynda bolsa, hormatly Prezidentimiziň beýik işleri, alyp barýan parasatly syýasaty esas bolýar. Ynsan durmuşyny gözellige öwürýän, medeniýete we sungata uly üns berýän döwlet Baştutanymyyzň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun.

Maral HOJAKULYÝEWA,
Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu