Žurnalistiň sahypasy

Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy

02-09-2023 / 29

Ýurdumyzda her ýylyň altyn güýzüniň ilkinji aýynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilmegi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň mazmuny ynsan saglygyny goramakdan, il-günüň abadan durmuşda ýaşamagyndan gözbaş alýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek bilen bagly giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Döwrümiziň bezegine öwrülen ýollar gözel paýtagtymyzy ähli welaýat merkezleri, şäherler we şäherçeler bilen birleşdirýär. Döwrebap ýollarda iň kämil, häzirki zaman yşyklandyryjylaryň goýulmagy, köçeleriň salgysyny görkezýän ugur görkezijileriň ýerleşdirilmegi, sowma ýollaryň gurulmagy ýol hereketine gatnaşýan adamlaryň ählisiniň howpsuzlygyna we ulag hadysalarynyň döremeginiň öňüniň alynmagyna gönükdirilendir.

31-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bellenilişi ýaly, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň teklipleri göz öňünde tutulyp, geçiriljek çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Onda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, pyýadalaryň we sürüjileriň ýol hereketiniň kadalary baradaky düşünjelerini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

Ýollarymyzyň asuda, abadan, parahat bolmagy üçin bimöçber alada edýän gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Reýimbaý TÄJIMOW,
TOHI-niň ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu