
Sagdyn nesil, ilkinji nobatda, enäniň saglygyndan başlanýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda eneler barada olaryň saglygyny goramak hakynda hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde giň möçberli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde enäniň we çaganyň saglygyny dikeldiş iri saglyk merkezleri hereket edýär.
Çaganyň sagdyn kemala gelmeginde ene süýdüniň ähmiýeti örän uludyr. Hatda ene süýdi çaganyň eýýäm dünýä inen gününden başlap, hiç bir zat ýerini tutmajak bahasyz gymmatlykdyr.
Ene süýdüni emdirmegiň hemişe möhüm ähmiýeti bar. Sebäbi ene süýdi çaganyň sagdyn ösüp ulalmagyna iň gowy şertleri döredýär. Özüniň hili boýunça ene süýdi çagalara berilýän ähli beýleki iýmitlerden has ýokarda durýar. Göýä her çaga üçin aýratynlykda öňünden niýetlenip sargalan ýaly ene süýdi ýokumly maddalaryň gowy gatnaşygyny we keselden goraýjy elementleri özünde saklaýar. Ene süýdi tebigy düzümi boýunça ösüp barýan çaga bedenjiginiň ähli talaplaryna laýyk gelýär, ýeňil özleşýär, çagany ýiti respirator kesellerinden goraýar.
Ene süýdi 3 topara bölünip, ilkinjisi owuz süýdüdir. Çaganyň owuz süýdüni almagy hökmanydyr. Onuň düzüminde ýokumlaryň örän köp görnüşleri bolup, onda çaganyň bütin ömründe sagdyn ýaşamagy üçin gerek bolan maddalar jemlenendir.
Ene süýdi giňden ýaýran ýokançlyklardan, esasan, aşgazan-içege we sowuklama kesellerinden goraýar. Emeli, mal süýdi bilen iýmitlenýän çagalar gigiýena tarapdan arassa ýagdaýlarda bolsa-da, aşgazan-içege kesellerden bozulmalary bilen bäş esse keselläp bilerler. Mal süýtlerinde beloklar, mineral duzlar gereginden köp bolup, olar örän kyn özleşýär. Olaryň düzüminde ýokançlara garşy täsirli maddalar (leýkositler, laktoferrin, bifudum-faktor) bolmaýar.
Lebap welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi hem şu babatda amala aşyrylýan özgertmeleriň oňyn miwesini bermäge mynasyp goşant goşýar. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak bilen bagly çäreleriň tutuş toplumy amala aşyrylýar.
Welaýatymyzda birnäçe ýyldan bäri “Nesil saglygy” merkezi işleýär. Mundan başga-da, şäherlerdir etraplarda “Nesil saglygy” otaglary bar. Olar maksatnamada göz öňünde tutulanlary üstünlikli amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Eneleriň we çagalaryň keselçiligini azaltmak, göwreli aýallaryň saglyk ýagdaýyny gözegçilikde saklamak, birinji we ikilenji önelgesizligiň öňüni almak we bejermek ýaly möhüm işler amala aşyrylýar.
Zenanlaryň arasynda çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň ähmiýeti we düzgünleri barada düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär. Olar bilen saglygy goramaklygyň esaslary, çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň möhümdigi boýunça sapaklar geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz ilatyň saglygyny goramaga, dürli keselleriň öňüni almaga aýratyn üns berýär. Munuň üçin bizde ähli şertler döredilýär. Döwlet Baştutanymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we ornaşdyrmak barada öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilmegi ugrunda aladalaryna jogap edip, yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.
Orungül ASTANOWA,
Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany.