Žurnalistiň sahypasy

Sagdyn çaga — bagtly geljek

30-08-2023 / 13

Enäniň we çaganyň saglygyny gorap saklamak „Saglyk“ Döwlet maksatnamasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda çagalara köpçülikleýin öňüni alyş sanjymlaryň geçirilmegi ýaş çagalaryň arasynda duş gelýän ýokanç keselleriň ýok edilmegine we bu ugurda degişli halkara güwanamalaryň alynmagyna mümkinçilik berdi.

Watanymyzyň geljekde daýanjy boljak ösüp gelýän ýaş nesiller il-ýurt bähbitli işlere amal etmäge taýýar bolan ertirki şahsyýetlerdir. Olaryň sagdyn ösüp-ulalmaklaryny gazanmak, ýaramaz endiklerden gorap saklamak, sport we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmaklaryna ýardam bermek zerurdyr. Bu ugurda toplumlaýyn amala aşyrylýan işler sanardan kändir.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Häzirki wagtda şol gaznanyň mümkinçiliklerinden peýdalanylyp, ýurdumyzda haýyr-sahawatly, sogaply işler durmuşa geçirilýär.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda köp işler durmuşa geçirildi. «Ene mähri», gaýragoýulmasyz «Tiz kömek» merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar guruldy. Keselleri anyklamak, bejermek, öňüni almak boýunça öňdebaryjy usullary we innowasion tejribeleri işe ornaşdyrmakda, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, elýeterli hem-de ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny üpjün etmek babatda oňat netijeler gazanyldy. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde dünýä bileleşigi, aýratyn-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) tarapyndan ykrar edilen nusgalyk işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, ilatyň saglyk ýagdaýy has-da gowulanýar, adam ömrüniň ortaça dowamlylygy artýar.

«Sagdyn ene – sagdyn çaga – sagdyn geljek» atly Milli strategiýanyň, Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça Milli maksatnamanyň, Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň, Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň kabul edilmegi bilen, saglygy goraýyş ulgamynyň işi has-da kämilleşdirildi. Bu işler milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň abadançylygyny, bagtyýarlygyny üpjün etmekde ýurdumyzda uly ösüşleriň gazanylandygyny görkezýär.

Sähra BEGENJOWA,
Türkmenabat şäherindäki 1-nji saglyk öýüniň akuşer-genekolog lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu