
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamynyň, terbiýeçilik işiniň kämilleşdirilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy ýurdumyzda we jemgyýetde ýaş nesliň kämil ýetişdirilişine aýratyn uly ähmiýet berilýändigini görkezýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şanly wakalarynda hem muňa göz ýetirmek bolýar.
Geçen okuw ýylynyň üstünlikli jemlenmegi we täze 2023-2024-nji okuw ýylyna ählitaraplaýyn ykjam taýýarlyklaryň görülmegi bilim-terbiýeçilik ulgamynda alnyp barylýan işleriň diňe öňe ilerlemegine itergi berýär. Bilim ojaklarynda hormatly Prezidentimiziň çözgütlerinden, tabşyryklaryndan, döwlet maksatnamalaryndan we meýilnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek esasy maksatlaryň biri bolup durýar. Şol sanda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nusgawy eserleri ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde, bilim-terbiýeçilik işgärleriniň hünärini kämilleşdirmekde, sapaklaryň hilini we mazmunyny ýokarlandyrmakda ähmiýeti egsilmejek gollanmalar, gymmatly çeşmeler hökmünde peýdalanylýar.
Bu görkezijiler ähli bilim terbiýeçilik edaralarynda bolşy ýaly, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işine hem degişlidir. Häzirki wagtda mekdebe çenli bilim edaralarynda hem «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyndan», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiñ Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeler ähli okuw-terbiýeçilik, guramaçylyk-usulyýet işlerinde öz beýanyny tapýar. Bagtyýar nesilleriň röwşen geljegi, sagdyn ösüşi we ruhubelentliligi ugrundaky toplumlaýyn çärelerde bolsa Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyndan we ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasyndan ugur alynýar. Munuň özi ýaş nesliň sazlaşykly ösüşi ugrundaky aladalary we döwlet tarapyndan edilýän tagallalary görkezýär.
Çagalar bakja-baglarynda sanly ulgam arakly sapaklary işjeň häsiýetde guramaga, gyzyklanma we göwnaçma çäreleri, baýramçylyk dabaralary, temalaýyn şüweleňleri, gezelençleri we beýleki meýilnamalaýyn terbiýeçilik çärelerini geçirmäge, sport ýaryşlaryny guramaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge we eýermäge, körpelerde arassaçylyk endiklerinini we medeniýetini terbiýelemäge ähli mümkinçilikler bar. Çagalaryň duýgularynyň ösdürilişinde, daş-töwerek we tebigat bilen tanyşdyrylyşynda, sözleýiş we ýazuw endikleriniň ösdürilişinde, ýönekeý matematik düşünjeleriniň kemala getirilişinde, sowat öwredilişinde, aýdym-saz sapaklarynyň geçirilişinde we bedenterbiýe sapaklarynda, irdenki maşklarda, şeýle-de Gün tertibinde orun alan pursatlaryň talabalaýyk guralyşynda diňe bagtyýar nesliň her biriniň kämil şahsyýet hökmünde ýetişdirilmegi ugrundaky aladalar bar.
Ýaş nesliň ýagty ertirleri we jemgyýetiň geljegi bilen bagly ýokary ähmiýeti bilim-terbiýeçilik, okuw-usulyýet, guramaçylyk-jemgyýetçilik ugurly işleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin döredilýän zähmet mümkinçilikleri we ajaýyp şertler üçin hormatly Prezidentimize, halypalyk mekdebi bilen biziň her birimize belent görelde bolýan Gahryman Arkadagymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys.
Arkadagly Serdarymyzy, hormatly Arkadagymyzy, ähli halkymyzy we tutuş bilim ulgamynyň wekillerini ýurdumyzda ýokary derejede baýram edilýän 1-nji sentýabr — Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys!
Akjemal BERDIÝEWA,
Murgap etrabyndaky 8-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi, KA-nyň işjeň agzasy.



