Sagdyn durmuş

Çaga saglygynyň gözbaşy

30-08-2023 / 20

Sagdyn nesil, ilkinji nobatda, enäniň saglygyndan başlanýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda eneleriň we çaga saglygyny goramak  barada hormatly Prezidentimiziň taýsyz  tagallalarynyň  netijesinde giň möçberli işler alnyp barylýar.

Çaga ömrüniň ilkinji aýlarynda esasy ygtybarly iýmit ene süýdüdir. Ol çaganyň kadaly ösüp ulalmagy üçin  esasy şertleriň biri bolup durýar. Ene süýdi  çaganyň ilkinji günlerden başlap, kesele garşy göreş ukybyny, daşky gurşawyň täsirlerine durnuklylygyny ýokarlandyrmaga, çaganyň fiziki, akyl taýdan kadaly ösmegine täsiri örän uludyr. Çünki ene süýdi beýleki süýtlerden özüniň düzümi boýunça aýratyn tapawutlydyr.

Göwreliligiň we dogumdan soňky üç günüň dowamynda süýt mäzleri owuz süýdüni bölüp çykarýar. Owuz süýdi goýy bolup, A, B12, E, С ýokumlaryna, karotina baý we ýokary hilli dykyzlygy bilen tapawutlanýar.

Ene süýdünde demir, mis, sink köp mukdarda bolýar.ýokumlara baýlygy bolsa enäniň iýmitine we ýylyň paslyna hem bagly bolýar. Bu meselede eneler hem çaga emdirýän döwründe iýmitiň ýokumlylygyna üns bermelidir.

Ene süýdi bilen iýmitlendirme çaganyň we enäniň saglygyny gorap saklamagyň iň esasy usulydyr. Çaganyň iýmitinde ene süýdi birinji orunda durýandyr. Ene süýdi bilen iýmitlenýän çagalar emeli süýt bilen iýmitlenýän çagalardan has tapawutlanýarlar. Ol çagany içgeçmeden, respirator we başga-da birnäçe kesellerden  goraýar.

Çaga enesiniň göwsünden süýdi arassa görnüşde, zerur bolan temperaturada alýar. Bu bir tarapdan iýmit taýýarlananda döremek töwekgelçiligi ýokary bolan keselleriň öňüni almaga ýardam etse, beýleki tarapdan ene süýdüniň ýokary temperaturanyň täsirine sezewar bolmazlygy, ondaky ýaşaýyş üçin zerur ýokumlaryň dargamazlygyny üpjün edýär. Şol sebäpden çagany  ilkinji 6 aýlygynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmek zerurdyr. Soňra çagany beýleki tagamlaryň gapdalyndan 2 ýaşa çenli ene süýdi bilen iýmitlendirmek dogry hasaplanýar. Bu onuň sagdyn bolup ýetişmegine örän ähmiýetlidir. Ene süýdi tebigatyň adamzada beren bahasyz peşgeşidir. Ol çaga saglygynyň tapylgysyz gözbaşydyr. Ene süýdi — ýaşaýşyň gözbaşy.

Hamida ABDULLAÝEWA,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrap hassahanasynyň çaga dogruş bölüminiň neatolog lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu