Žurnalistiň sahypasy

Ylym — ýanar çyrag

26-08-2023 / 17

Döwletiň, döwrüň şu gününiň hem-de geljeginiň özgerişli menziliniň aýdyňlygynyň kemally nesillere baglydygy hemmä mälim zat. Hut şonuň üçin-de, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanymyzda ýaşlaryň bilimli, ylymly, hünärli bolmagy ugrunda bimöçber tagallalar edilýär.

Täze 2023 — 2024-nji okuw ýyly hem bosagada. Döwlet özbaşdaklygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri, däbe öwrülişi ýaly, her täze okuw ýylynyň başlanmagy hem-de ata Watanymyzda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň giň dabaralara beslenmegi bilen döwrebap okuw mekdeplerinde ilkinji jaň sesleri ýaňlanýar. Täze açylyp ulanmaga berilýän mekdeplerde ýaňlanýan jaň sesleri has-da üýtgeşik. Olaryň sesi çagalary döwrebap tehnologiýalar dünýäsinde kämil bilim almaga çagyryş bolup eşidilýär. Bu bolsa täze bilim ojagynyň gujagyna dolýan her bir çaganyň hakydasyna süýji günleriň ýakymly ýatlamasy bolup ornaýar. Şeýle şatlykly pursatlaryň barha ýakynlaýandygyny awgust aýynyň ilkinji günlerinde guralan mekdep bazarlaryndan, ondan okuw esbaplarydyr ýurdumyzyň ýokary hilli dokma önümlerinden taýýarlanan milli lybaslaryň hyrydarlary bolan bagtyýar ildeşlerimiziň edýän söwdalaryndan hem duýmak bolýar. Ilkinji ýola ak mekdebe gadam basmaly körpeleriň, giriş synaglaryny üstünlikli tabşyryp, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde talyplyk hukugyny gazanan ýaşlaryň başdan geçirýän buýsançly duýgularyna daş gözden şäriksiň.

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşli ýolunda ýörelgä öwrülen üstünlikli, buýsançly pursatlaryň biri-de her täze okuw ýylynda 1-nji synpa barýan alty ýaşly çagalara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň adyndan öwrediji häsiýetli, ýörite programmalar ýerleşdirilen «Bilim» atly kompýuterleriň sowgat berilmegidir. Bilim dünýäsine gadam basýan nesilleriň ilkinji ädiminiň döwrüň talabyna laýyk getirilmegi, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň dünýäniň ösüşi bilen aýakdaşlygyny görkezýär. Şeýle-de birnäçe orta mekdepler dürli ugurlar boýunça ýöriteleşdirilip, olarda dünýä dilleriniň birnäçesi öwredilýär. Şonuň bilen birlikde, okuwçy gyzlara ene-mamalarymyzdan galan el hünärleri, milli, döwrebap tagamlaryň taýýarlanylyşy öwredilse, oglanlarda neçjarçylyk, ussaçylyk, dellekçilik… ýaly birnäçe kär-hünäre söýgi döredilýär. Bagtyýar nesiller hem döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçiliklere dogry düşünip, mekdeplerde we mekdeplerden daşary hereket edýän dürli gurnaklara, sport, medeniýet toplumlaryna gatnaýarlar.

Bir sözde beýan edeniňde sagdyn ruhly, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, ata Watanymyzy gülledip ösdürjek, türkmen tuguny belentlerde parlatjak ýaşlar bolup kemala gelýärler. Muňa okuwçylardyr talyplaryň arasynda dürli ugurlar boýunça sebit we dünýä derejesinde geçirilýän ýaryşlarda, bäsleşiklerde türkmen ýaşlarynyň gazanýan üstünlikleriniň barha artmagy-da doly derejede delildir.

Rahman ÝAZHANOW,
Halaç etrap ylym-bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň geňeşiniň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu