
Häzirki döwürde ýaşlara örän uly ynam bildirilýär. Şol belent ynam bu günki gün durmuşymyzyň ähli ugurlarynda aýdyň duýulýar. Şu ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy hem şol synmaz ynamyň has-da belent derejä göterilmegidir, ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde ýaş nesillere bil baglanylýandygynyň, olaryň beýik işlerine, uly üstünliklerine garaşylýandygynyň alamatydyr.
Türkmen ýaşlary jemgyýetiň ähli gurşawynda bolup geçýän özgerişleri, täzelikleri durmuşa geçirmäge we ösdürmäge ukyplydyrlar. Ýaşlar döwletiň işjeň we örän wajyp güýjüdir, sebäbi olaryň islegleri, gymmatlyklary, garaýyşlary geljegiň binýadydyr. Düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilýän döwründe milli we umumadamzat gymmatlyklaryndan ugur alýan ýaş nesliň syýasy, hukuk aňyny kämilleşdirmek wezipesi bolsa aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Şunlukda, «Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge, döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna olaryň doly hukukly gatnaşmagyna has oňaýly şertleri döretmek bilen bir hatarda, ýaşlarda ruhy-ahlak, syýasy gymmatlyklary kemala getirmegi we kämilleşdirmegi, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmete söýgini terbiýelemek maksadyny hem göz öňünde tutýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň türkmen ýaşlary baradaky aladasynyň hukuk taýdan berkidilýändiginiň subutnamasydyr. Bu Maksatnama hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup, ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatyny has hem pugtalandyrmaga, ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemäge, ylym-bilime höwesini artdyrmaga gönükdirilendir.
Goý, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlara uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!
Roza TAŞPOLATOWA,
TMÝG-niň Köýtendag etrap Geňeşiniň buhgalteri.



