Žurnalistiň sahypasy

Magtymgulynyň eserleri — ylham çeşmesi

24-08-2023 / 10

Ýakynda, has takygy, 17-nji awgustda Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyzyň günortasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynda bolup, bu ýerde alnyp barylýan işler tanyşmagy, şeýle-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze goşgusyny okap bermegi beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesine ajaýyp sowgat boldy.

Türkmen edebiýatynyň altyn hazynasyna girjek täze eserde döwürleriň şahyry Magtymguly Pyragynyň ähli şygyr äleminiň wepaly hyzmatkäri, mizemez binalaryň peýmany-ygtybary, ähli mekan-zamanlaryň çyn-hakyky raýaty hökmünde belent waspyny görmek bolýar. Ýaşlaryň ylham çeşmesine öwrüljek bu goşguda ulanylan çeper serişdelerdir meňzetmeler onuň has-da täsirliligini artdyrýar.

Bilşimiz ýaly, geljek ýylda beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesi uly dabaralar bilen belleniler. Bu toýa halkymyz uly üstünlikler, belent sepgitler bilen barýar. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan  2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle-de şu ýylyň maý aýynda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi türkmen we dünýä edebiýatynyň görnükli akyldar şahyrynyň nusgalyk eserlerine goýulýan belent hormatyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Türkmen edebiýatyny, medeniýetini, sungatyny ösdürmekde, dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, tutumly işleri diňe rowaçlyklara beslensin!

Oguljan RAJAPOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu