Žurnalistiň sahypasy

Dostluk mekanynyň parahatçylyk mukamy

22-08-2023 / 65

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda agzybir halkymyz yhlasly we tutanýerli zähmeti bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine ilerledip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny uly üstünlikler, buýsandyryjy netijeler bilen garşylaýar. Bu baýram gazanan üstünliklerimize buýsanç döredýän, beýik geljegimize ynamy berkidýän baýramdyr.

Agzybirlik, asudalyk, parahatçylyk ähli halklar üçin iň zerur gymmatlyk hasaplanylýar. Sebäbi asuda asmanly parahat ýurduň raýatlary bagtyýar durmuşyň, eşretli zamananyň hözirini görüp ýaşaýarlar. Milli Liderimiz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda: «Parahat we agzybir durmuşyň gözbaşy köňlüň bitewüligindedir. Parahatçylyk söýüjilikli taglymat bolsa türkmen edebiýatynyň, sazynyň gözbaşlaryndan gaýdyp, tereňlik bilen nepesiňi durlaýar. Ýaşaýşyň süýjiligi parahatçylykda. Halkymyzyň gulagy dynçlyk, rahatlyk, arzuwlarynyň gözbaşy — Zeminiň parahat ýaşaýşy hakyndaky arzuwlardyr» diýip belleýär.

Hakykatdanam, 32 ýyl mundan öň öz Garaşsyzlygyna eýe bolan döwletimiz parahatçylyga, ynsanperwerlige, dost-doganlyga esaslanýan ösüş ýoluny saýlap alyp, bu gün dünýäde iň bir çalt depginler bilen ösýän, awadançylygyň, agzybirligiň, asudalygyň höküm sürýän ýurdy hökmünde uly at-abraýdan peýdalanýar. Garaşsyzlygymyz bize aýdyň geljegi nazarlamaga, beýik sepgitlere ýetmäge, dünýäniň belent münberinden hoşniýetliligimizi beýan etmäge, agzybir milletimizi, aýdym-saz sungatymyzy dünýä tanatmaga, hyzmatdaşlyga giň ýol açmaga mümkinçilik berdi.

GARAŞSYZLYK – döwlet hökmünde ykrar edilmekdir.

GARAŞSYZLYK – ata-babalarymyzyň, merdana pederlermiziň asyrlarboýy eden arzuwlarynyň wysal bolup, bütin Ýer ýüzüne dabaralanmasydyr.

GARAŞSYZLYK – geçmişde 70-den-de gowrak uly-uly döwletleri döretmegi başaran türkmen halkynyň milli buýsanja beslenen synmaz ruhunyň dünýä çykmagydyr.

GARAŞSYZLYK – döwrümiziň we döwletimiziň şan-şöhratydyr.

Dünýä jemgyýetçiligi biziň ata Watanymyzy binýadyny berkden tutulan Berkarar döwlet, mähriban halkymyzy bolsa, berkarar döwletiň bagtyýar ýaşaýjylary hökmünde tanaýarlar. Bu zatlaryň ählisiniň başlangyjynda şanly Garaşsyzlygymyzyň ynamly ädimleri bardyr.

Muhammet ÇARYÝEW,
Ahal welaýat kazyýetiniň hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu