
Magtymgulynyň döredijiligi türkmen edebiýatynyň dünýä ýüzündäki şöhratynyň belende galmagyny şertlendirdi. Ol umumadamzat edebi hazynasyna mynasyp goşantdyr. Şahyryň goşgularynda beýan edilýän ynsanperwer garaýyşlar diňe bir şol döwürde ýaşan türkmen halkynyň durmuşyna däl, eýsem, Gündogaryň beýleki halklaryna-da öz täsirini ýetirdi.
Taryhdan belli bolşy ýaly, Magtymguly Pyragy halkymyzyň şygryýet dünýäsini öz döwrüniň çeper usullary we oňyn ýörelgeleri bilen baýlaşdyryp, türkmen edebiýatynda täze sahypany açdy. Şunda türkmen diliniň arassalygyna, onuň baýlygyna ähmiýet berlipdir. Munuň özi özboluşly milli edebi ýörelgäniň emele gelmegini şertlendirdi. Magtymgulynyň şahyrana dili şirinligi, halka ýakynlygy bilen özüne çekýär. Onuň goşgulary milli halk döredijiliginiň ruhy we çeperçiligi bilen baýlaşdyrylypdyr. Bu bolsa eserleriň ynsan kalbyna ýakynlygyny üpjün edýär.
Magtymguly Pyragy türkmen medeniýetiniň taryhyny we edebiýatyny öwrenijiler, şol sanda daşary ýurtly hünärmenler üçin uly gyzyklanma bildirilýän şahsyýetleriň biridir. Magtymgulynyň Gündogar halklarynyň milli edebi mirasynyň ösdürilmegine ýetiren täsiri medeniýeti öwreniji alymlaryň aýratyn üns merkezinde saklanýar. Bu babatda birnäçe umumy kanunalaýyklyklaryň bardygyny bellemeli. Ýazuwly edebiýatyň döremeginde ähmiýeti bolan halk döredijiligine möhüm orun degişlidir.
2024-nji ýylyň “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýlip yglan edilmegi türkmen we dünýä edebiýatynyň görnükli akyldar şahyrynyň parahatçylygy, dostlugy, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňden wasp eden eserlerine goýulýan belent hormatyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Mundan başga-da, Änew şäheriniň “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi şäheriň baý taryhy-medeni mirasyny giňden wagyz etmäge, onuň syýahatçylyk mümkinçiliklerini artdyrmaga şert döreder. Türkmenistanyň ajaýyp ýadygärliklerini dünýäde wagyz etmäge ýardam berer.
Magtymguly Pyragynyň Gündogaryň şygryýetiniň owazyny, paýhasyny we sazlaşygyny özünde jemleýän eserleri sebitiň hem-de dünýäniň halklarynyň milli edebiýatynyň, ruhy medeniýetiniň ösüş ýoluna şamçyragdyr.
Mähriban BAGYÝEWA,
Ahal welaýat kazyýetiniň uly maslahatçysy.



