
Türkmen halkynyň at-owazasyny dünýä tanadan Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň dürdäne döredijiliginiň ýyllar geçdigiçe, ynsan köňüllerine saçýan şuglasy has-da güýçlenýär, barha beýgelýär. Türkmen halky beýik söz ussatlaryna hemişe hormat goýýar.
Magtymguly Pyragynyň goşgulary adamzat durmuşynyň we ynsan gatnaşyklarynyň ähli meselelerini öz içine alýar. Şahyryň şygyrlary sözüň doly manysynda nesiller üçin terbiýeçilik mekdebidir. Nesihat-ündewleri her bir adamyň kalbyna ýetirmek üçin zehin, bilim we ylym, giň gözýetim, akyl-paýhas, durmuş tejribesi päk niýet we isleg gerek. Şahyr bu aýratynlyklary goşgulary bilen ýokary derejede çeper beýan edýär.
Ak mermerli Aşgabadyň günorta künjeginde, Köpetdagyň etegindäki belent baýryň üstünde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň heýkeli uzaklardan seleňläp görünýär. Häzirki wagtda bu ýerde ýadygärlik toplumyna ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu iri medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldar şahyrynyň 300 ýyllygynyň giňden baýram ediljek senesiniň hormatyna geçiriljek giň gerimli dabaralaryň özboluşly başlangyjyna öwrüler. Bu toýa halkymyz uly üstünlikler, belent sepgitler bilen barýar.
Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen edebiýatynyň dünýä şöhratyna eýe bolmagyny şertlendirdi. Olar tutuş adamzadyň şahyrana hazynasyna mynasyp goşant bolup, şahyryň ynsanperwerlik garaýyşlary çeper goşgularda öz beýanyny tapyp, diňe bir XVIII-XIX asyr türkmen halkynyň durmuşyna däl, eýsem Gündogaryň beýleki halklaryna hem ägirt uly täsirini ýetirdi. Häzirki döwürde asyrlar aşyp, Magtymguly Pyragynyň goşgulary tutuş dünýäde millionlarça adamyň kalbyny joşdurýar.
Ihtiýar SEÝIDOW,
Türkmenabat şäher prokurorynyň uly kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.



