Žurnalistiň sahypasy

Täze taryhy döwrüň bilim ulgamy

18-08-2023 / 10

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ähli ugurlarda döwrebap, oňyn özgertmeler amala aşyrylýar.  Ýurdumyzyň ylym-bilim, sport ulgamlarynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagyna uly üns berilýär. Häzirki zaman maglumatlar ulgamynda elektron hasaplaýyş maşynlary, awtomatlaşdyrylan dolandyryş we mikroprosessor tehnikasy giňden ulanylýar. Hut şonuň üçin hem häzirki döwürde Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim, saglygy goraýyş ulgamlary, dolandyryş edaralary, ykdysady pudaklar maglumat tilsimatlarynyň soňky gazananlary bilen üpjün edilýär.

Öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy esasynda bilim ulgamyny çalt depginler bilen ösdürmek ileri tutulýan möhüm ugur bolup durýar. Kompýuter tehnologiýasynyň ýola goýulmagy her bir hünärmeniň, okuwçynyň, talybynyň okuwy üçin zerur bolan programmalary özleşdirmegine, resminamalaryň kagyz görnüşinden elektron görnüşine geçilmegine, maglumatlaryň degişli ulgamda uzak wagtlap saklanmagyna, olary alyşmagyň tizliginiň ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Ösen ýurtlarda umumy bilimiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýollary gözlenilýär we öňdebaryjy tehnologiýalary işläp taýýarlamak, olary bilim ulgamyna ornaşdyrmak üçin köp işler amala aşyrylýar. Häzirkizaman okuwyň tehnologik üpjünçiligi ösen ylmyň derejesine gabat gelmelidir. Soňky ýyllarda ýurdumyzda gurulýan bilim ojaklary kompýuterler, internet aragatnaşygy bilen üpjün edildi. Paýtagtymyzda, welaýat, etrap merkezlerinde iň täze enjamlar bilen üpjün edilen mekdepler, çagalar baglary, ýokary we orta hünär okuw mekdepleri gurlup, ulanylmaga berildi. Bilim ojaklarynyň interaktiw, multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi bilimiň düýpgöter kämil derejä göterilmegine getirdi. Multimediýa tehnologiýalary dürli görnüşdäki maglumatlary görkezmäge mümkinçilik berýär, sapagyň netijeli bolmagyny üpjün edýär. Sapaklarda talyplaryň, mowzuklary düýpli özleşdirmeklerinde, olaryň gözýetiminiň giňelmeginde, beýan ediş ukybynyň ösmeginde, döredijilikli, özbaşdak işlemegi öwrenmeklerinde, multimediýa tehnologiýalarynyň hyzmaty uludyr. Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde ýörite geçirilýän sapaklar üçin taýýarlanylan slaýdlarda şekilleriň, maglumatlaryň berilmegi ýaşlarda uly gyzyklanma döredýär. Sapaklar multimediýa tehnologiýalary bilen guralanda, ýaşlaryň geçilýän mowzuga içgin düşünýändigini, ýadynyň, ünsüniň işjeňleşýändigini we döredijilik başarnyklarynyň ösýändigini görmek bolýar.

Ýurdumyzyň okuw mekdeplernde „Sanly bilim ulgamy“ atly portal taslamasynyň ýola goýulmagynyň, bilim ojaklarynda teleköpri arkaly guralýan okuw sapaklarynyň, internet bäsleşikleriniň geçirilmegi berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, okatmagyň usullaryny kämilleşdirmekde, öňdebaryjy tejribelerden peýdalanmakda ägirt uly ähmiýete eýedir.  Ähli amatlyklary özünde jemleýän şeýle sanly elektron portalyň üsti bilen sarp edilýän wagt ep-esli tygşytlanyp, ýaş nesliň ylym-bilim derejesiniň artmagyna uly täsir edýär.

Sanly bilim ulgamy tehnologiýalaryň juda tizlik bilen ösýän döwrüniň bilim ulgamynda özboluşlylyga eýedir. Sanly elektron göterijidäki okuw-usuly toplum bilim beriş ulgamynyň dürli basgançaklarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary arkaly peýdalanylýar. Bu topluma okuw kitaplarynyň elektron görnüşleri, okuw gollanmalary, tejribelik boýunça gollanmalar, amaly okuwlar, dürli tejribeler boýunça usuly gözükdirijiler degişli bolup durýar.

Sanly ykdysadyýeti has öňe ilerlenmäge, ykdysady maglumatlary ölçerip, seljerip, geljekki ädimleri dogry kesgitläp ýokary bilimli, hünäre ussat ýaşlaryň ýetişdirilmegi, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek baradaky Konsepsiýanyň miwesidir. Ýokary we orta okuw mekdeplerinde belli bir aralykdan sapak bermek usulynyň ornaşdyrylmagy, wideomaslahatlary yzygiderli guramak, özara  tejribe alyşmak ýaly aýratynlyklaryň ýola goýulmagy biziň işimizde tejribe alyşmak üçin giň  mümkinçilikler döredilýär.

Geljekde-de hormatly Prezidentimiziň ýaşlar barada edýän hossarlyk aladalaryna jogap edip, ösüp gelýän ýaş nesli ata Watanymyza gerekli, ylymly-bilimli bolup ýetişmeklerini gazanmak üçin yhlasly zähmet çekeris. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiziň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun. Il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Akmyrat GURBANOW,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň direktory.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu