Žurnalistiň sahypasy

Halkara hukuk kadalaryna eýerip…

15-08-2023 / 12

Bilşimiz ýaly, ýakynda Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 78-nji sessiýasynyň açylmagynyň öňüsyrasynda ýakyn geljek üçin ileri tutýan garaýyşlaryny, tekliplerini hödürledi. Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda goldawa mätäç toparlary: bosgunlary, migrantlary we raýatlygy bolmadyk adamlary goramagyň wajypdygy öňe sürülýär. Şol sanda Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň kabul edilmegine şu ýylda 75 ýyl dolýandygy mynasybetli meýilnamalaýyn çäreleri geçirmek teklip edilýär.

Ýurdumyz hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine eýerip, netijeli we döredijilikli halkara gatnaşyklary berkitmekde Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki düzümler bilen işjeň gatnaşyklary saklaýar. BMG-niň birnäçe düzümlerine, Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetine, Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça Ýerine ýetiriji geňeşine, Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine agza bolmak bilen, Türkmenistan dünýäniň umumy ösüşine mynasyp goşant goşmaga çalyşýar. Bu babatda halkara bähbitli tagallalaryny has-da dabaralandyrýar. BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM), Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA), Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF), Migrasiýa boýunça halkara guramanyň (MHG) Türkmenistandaky wekilhanalarynyň goldawy netijesinde, bu ugurlarda adam hukuklary boýunça Hereketleriň milli meýilnamalary işlenip taýýarlandy we üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar.

Adam hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmegi üpjün etmekde halkara borçnamalary ýerine ýetirmek we bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça degişli işleri ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen, «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen tassyklandy. Meýilnamada adamyň şahsy we syýasy hukuklaryny goramak ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlenýär. Has takygy, geçirilen çäreleriň netijesinde, raýatlaryň, aýratyn hem hemaýata mätäç gatlaklaryň hukuk kemsitmeleriniň islendik görnüşinden goraglylygy üpjün ediler.

Hereketleriň milli meýilnamasynda ikinji ugur bolup adamyň ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryny goramak boýunça çäreler öz beýanyny tapdy. Adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, goramak maksady bilen, oňa çuňňur oýlanyşykly çemeleşip, nazaryýet taýdan esaslandyrmak arkaly gazanýan üstünliklerimiz nurana geljegimiziň ygtybarly kepili bolar.

Ihtiýar SEÝIDOW,
Türkmenabat şäher prokurorynyň uly kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu