
Garaşsyzlyk! Bu mukaddes sözde kalbyňa ganat berýän güýç bar. Garaşsyz Türkmenistan! Ýüregiňi joşdurýan bu sözler eziz Watanymyzyň, bagtyýar halkymyzyň azatlygynyň, erkinliginiň, özygtyýarlylygynyň ykrarnamasy bolup 1991-nji ýylyň güýzünde taryhyň täze sahypasyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygy biziň bagtly durmuşymyzyň şamçyragy bolup, asmanyň nurly Güni deý türkmen ilini özüniň ýyly mährine çoýdy.
Bu ýagty jahanda her bir adamyň baş arzuwy il-ýurdunyň parahatlygy, öý-ojagynyň rahatlygy. Bu gün türkmen halky her bir ynsanyň bagtly bolmagy, gijeleriniň rahat, gündizleriniň parahat bolmagy üçin alada edilýän beýik zamanada eşretli durmuşda ýaşaýar hem-de şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýuny zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar. Garaşsyz Watanymyzyň ylymda-bilimde, medeniýetde, sungatda, saglygy goraýyşda, ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda, içeri we daşary syýasatynda uly üstünlikler gazanmagy döwletimiziň gün-günden artýan halkara abraýyny has hem ýokary göterýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde ýaş nesillerimiziň hem egsilmez paýy bar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan indi 32 ýyl bäri özbaşdaklygyny, döwlet berkararlygyny uludan baýram edýär. Biz türkmen jemgyýetiniň taryhynda ozal görlüp-eşidilmedik, hiç hili nusgasy bolmadyk taryhy pursady başdan geçirýäris. Mähriban türkmen halkymyza maddy, medeni we ruhy gymmatlyklaryny gaýtadan dikeltmäge giň mümkinçilik beren Garaşsyzlygymyz beýik döwrüň beýik işlerine mynasyp başlangyç boldy.
GARAŞSYZLYK – döwlet hökmünde ykrar edilmek.
GARAŞSYZLYK – ata-babalarymyzyň, merdana pederlermiziň asyrlarboýy eden arzuwlarynyň wysal bolup, bütin Ýer ýüzüne dabaralanmasy.
GARAŞSYZLYK – geçmişde 70-den-de gowrak uly-uly döwletleri döretmegi başaran türkmen halkynyň milli buýsanja beslenen synmaz ruhunyň dünýä çykmagy.
GARAŞSYZLYK – döwrümiziň we döwletimiziň şan-şöhraty.
Döwlet Garaşsyzlygy bize, sözüň doly manysynda, milli ruhy we maddy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge mümkinçilik berdi. Bu gymmatlyklar müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýar hem-de merdana halkymyzyň milli duýgularyny we arassa arzuw-isleglerini beýan edip, nesilden-nesle geçip gelýän belent ynsanperwerlik däpleriniň esasy bolup durýar.
Osman UZAKOW,
Hojambaz etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň müdiri.



