Žurnalistiň sahypasy

Milli sungatyň gözelligi

13-08-2023 / 21

Türkmen gelin-gyzlarynyň ählisine diýen ýaly el işleri bilen meşgullanmak mahsusdyr. Ene-mamalarymyzyň bu ýoldaky adatlaryny dowam edip gelýän zenanlarymyz halydyr palas dokamak, keçe basmak, kilim dokamak keşde gaýamak, alaja işmek, jorap örmek ýaly el işleriniň ähli görnüşleri bilen meşgullanýarlar. Hatda  türkmen zenanlary keteni, daraýy ýaly matalary dokamakda hem ussatlyk görkezmegi başarýarlar. Sünnäli gollardan çykan nepis el işleriniň esasy aýratynlygy bolsa olaryň sap ýüňden we tebigy boýaglardan edilmegidir.

Alajalar milli sungatymyzyň iň naýbaşylarynyň biridir. Ol has irki döwürlerden bäri dowam edip gelýän el işleriniň bir görnüşidir. Alaja örmek gyzjagazlaryň ilkinji öwrenýän zähmet ýoludyr. Olara esasan hem ak we gara reňkleriň salynmagy gije we gündiziň sazlaşygyny aňladýan bolsa, gyzyl we ýaşyl reňkler türkmen tebigatynyň öwüşgininden nyşandyr. Her bir el işlerinde alajalaryň gözelligini görmek mümkin. Hat-da keçe güllenilende onuň gyralarynyň alajalanýandygyny ýatlamak gerek. Dürli reňkleriň sazlaşygyndan emele gelýän we göze has ýakymly görünýän alajalar esasan hem çagalaryň durmuşynda köp ýaýrandyr. Hat-da täze dünýä inen bäbejikleriň hem gundaglary, sallançak ýüpleri ýörite alajalardan edilýär. Şonuň ýaly-da ýörjen-ýörjen bolan oglanjyklaryň we gyzjagazlaryň goşarlaryna we boýunlaryna alajalaryň dakylmagy ýöne ýerden däldir. Çünki türkmençilikde alajanyň dürli nazarlardan goraýjylyk ähmiýetine ynanylýar. Täze gelniň öýüniň gapysynyň, bukjalarynyň hem ýörite alaja bilen bezelýändigi hem şundan gelip çykandyr. Alajalar iki, dört, sekiz we ondan hem köp örümli bolup, dürli göz monjuklar bilen hem bezelýär.  

Alajalarda düýe ýüňüniň ulanylmagyna-da aýratyn ähmiýet berilýändigini ýatlamak gerek. Çünki ýagşy niýet bilen örülýän düýe ýüňüli alajalaryň bejerijilik häsiýetiniň bardygyna, onuň gözden-dilden goraýandygyna ynanylýar. Hut şonuň üçin hem düýe ýüňüli alajalar diňe bir elleriň däl, eýsem, gyz-gelinleriň milli köýnekleriniň ýakalarynyň gyralarynyň, ezýaka köýnekleriň ýakalarynyň bezegi saýylýar. Häzirki döwürden gelin-gyzlarymyz milli el işleriniň bu görnüşini has kämil derejede dowam edýärler. Hut şu esasdan hem olaryň sünnäli gollarynyň senedine öwrülen alajalar gündelik durmuşymyza mäkäm ornandyr.

Leýla GOÇEWA,
Çärjew etrabyndaky 57-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu