
Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýetilýän sepgitler barada oýlanmak, söhbet etmek örän ýakymly. Eziz Diýarymyzyň köpugurly ösüşiniň ýekeje pudagy — sport ulgamyndaky özgertmeler baradaky gürrüňleriň soňuna çykma ýok.
Aýdylyşy ýaly, sport – sagdynlyk, ruhubelentlik. Sagdynlyk, ruhubelentlik bolsa, ynsan ýaşaýşynyň esasyny düzýän gymmatlykdyr. Biziň ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek boýunça geçirilýän giň gerimli işler hem nesilleriň saglygy üçin edilýän aladadyr.
Sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işler, türgenlerimiziň gazanýan halkara üstünlikleri sanardan juda-juda köp. Bu sözleriň aýdyň subutnamasy hökmünde Ýer ýüzüniň iri sport ýaryşlarynda ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýän ýaş zehinli türkmen türgenleriniň ençemesiniň gazanan üstünligini agzap bolar.
Häzir dünýäde sport halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm düzüm bölegi, ussatlylygy bilen olimpiýa hereketiniň belent maksatlaryny tassyklaýan türgenler bolsa parahatçylygyň ilçileri hasaplanylýar. Elbetde, sport ýaryş ulgamy bolmak bilen ökdeleri, ezberleri öňe saýlaýar. Şonuň üçin durmuşymyzda sport iň ýakyn hemramyzdyr. Sport endikleri, sport ýaryşlary bilen bedenimizi berkitmek, terbiýelemek saglygymyz üçin iňňän ähmiýetli binýatdyr.
Bu gün ýurdumyzda islendik adamyň halaýan sport görnüşi bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Bu bolsa olaryň beden taýdan sagdynlygyny oňat derejede saklamaga kömek edýär.
Çaryýar HEMRAÝEW,
Saýat etrabyndaky 4-nji sport mekdebiniň tälimçisi.



