Žurnalistiň sahypasy

Dün­ýä de­re­je­sin­de yk­rar edi­len «akyl­ly» şä­her

05-08-2023 / 7

Arkadag şäheri — türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bina edilen gözelligiň nusgasy, geljekki bagtyýar nesilleriň ak ertirlerini nazarlaýan bagtly durmuşynyň kepili. 

Arkadag şäherinde tutuşlygyna «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp bina edilen desgalaryň ählisi ekologik talaplar esasynda guruldy. Bu şäherde «smart city» döwrebap şähergurluşyk ýörelgesine laýyklykda, ekologiýa taýdan arassa elektrobuslardyr elektromobiller hereket edýär. Olaryň hereketine sanly ulgam arkaly gözegçilik etmäge mümkinçilikler bar. «Akylly» yşyklandyryş ulgamy, Gün we ýel batareýalary, häzirki zaman sanly hyzmatlar, «akylly» zir-zibil gaplary sanly ulgam arkaly dolandyrylýar. Şäheriň ýaşaýjylary «akylly» şäher we «akylly» öý hyzmatlary, ýagny smartfonuň üsti bilen internet arkaly ýaşaýyş öýlerini uzak aralykdan dolandyryp bilýärler. Bu ýerde optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň işe girizilmegi netijesinde, edaralarda we ýaşaýyş jaýlarynda ýokary tizlikli internet, IP telewideniýe hem-de telefon ulgamy, şeýle-de ýokary hilli öýjükli aragatnaşyk hyzmatyny hödürlemek maksady bilen, 3G we ýokary tizlikli internet ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän 4G enjamlar toplumy gurnalyp, işe girizildi. 

Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň dowam edýän pursatlarynda, Arkadagly Serdarymyz täze jaýa göçüp gelen ildeşlerimiziň öýüne baranda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary tarapyndan işlenip taýýarlanylan «akylly» şäher üçin programma üpjünçiliginiň aýratynlyklary bilen hem tanyşdyryldy. Bu programma «Arkadagly ýaşlar» diýlip atlandyryldy.

«Akylly» öý tehnologiýalary ulanylyp bina edilen döwrebap 5, 7 we 9 gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlary, 2 gatly kottejler Arkadag şäheriniň binagärlik aýratynlygynyň aýrylmaz bölegidir. Bu ýerde ýaşaýyş jaýyny dolandyrmagyň intellektual ulgamy ornaşdyrylan. Bu ulgam arkaly öýleriň durmuş üpjünçiliginiň, howpsuzlygynyň ähli ugurlarynyň awtomatik we sazlaşykly işi üpjün edilýär. Şunuň netijesinde, öýleri we hojalyk işlerini uzak aralykdan, smartfonuň kömegi bilen dolandyryp bolýar. Bu tehnologiýalar agyz suwunyň, toguň we tebigy gazyň sarp edilişini hasaba almaga mümkinçilik berýär. Jemläp aýdanymyzda, «akylly» öý bitewi bir ulgamda ähli hojalyk enjamlaryny we durmuş tehnikasyny bir topluma birleşdirip, olaryň işlemegine gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Aýgül HOJAMOWA,
Hojambaz etrap Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň baş hünärmeni, Ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu