Žurnalistiň sahypasy

Mekdebe çenli çagalar edaralary: maşgala bilen bilelikdäki işleri guramagyň usullary

Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly maslahatyna

31-07-2023 / 369

Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işi degişli jemgyýetçilik guramalary, şol sanda mekdepler we maşgalalar bilen bilelikdäki gatnaşyklar bilen hem berk baglydyr.

Çagalar bagynyň bilim işgärleriniň we mugallymlarynyň arabaglanyşygy mekdebe taýýarlaýyş toparynyň we 1-nji synp okuwçylarynyň arasyndaky gatnaşyklary öz içine alýar. Bu ugurda terbiýeçiler mekdebiň terbiýeçilik işleri bilen tanşyp, mekdepde geçilýän temalary öwrenip, çagalaryň bilim derejelerini ösdürmeklige degişli işleri öwrenip, mekdebiň talap edýän işlerini ýola goýmakda degişli tejribeleri yzygiderli öwrenýärler. Mekdep mugallymlary hem öz gezeginde çagalar bagynda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleri bilen tanyşýarlar hem-de geljekki mekdep okuwçylary bolan ýaş nesilleriň alan bilimleri, başarnyklary, sowatlylyk taýýarlyklary bilen gyzyklanýarlar.  Şunda 1-nji synpyň maksatnamasy hem-de çagalar bagynyň maksatnamasy bilelikde maslahatlaşylyp düzülse we öwrenilse talabalaýyk bolar. Mugallymlaryň mekdebe taýýarlaýyş toparynyň işleri bilen tanyşmagy, olaryň bilimleri we başarnyklary bilen tanyşmagy, mugallymlaryň çagalar baglaryndaky sapaklara gatnaşmagy, ýylyň başynda we soňunda mekdebe taýýarlaýyş toparyň çagalarynyň mugallymlar tarapyndan synlanylmagy, olaryň käbirleri bilen söhbetdeşlik guralmagy, mekdebe taýýarlaýyş toparyň işiniň barşy baradaky maslahatlara gatnaşmagy ähmiýetli hasaplanylýar. Mekdebe taýýarlaýyş toparlaryndaky çagalaryň mekdebe taýýarlanylyşynyň meseleleri barada maslahatlaryň geçirilmegi, pedagogik we psihologik edebiýatyň täzelikleri bilen tanşylmagy hem-de bilelikde olaryň ara alnyp maslahatlaşylmagy zerurdyr.

Bu iki bilim edarasynyň şular ýaly arabaglanyşygy olaryň ikisiniň hem işiniň üstünlikli alnyp barylmagyna täsir edýär. Terbiýeçiler mekdebiň talabyny özleşdirýärler hem-de öz işinde olardan ugur alýarlar. Mekdebe taýýarlaýyş toparyndaky çagalaryň hem-de mekdep okuwçylarynyň arasyndaky gatnaşyk okuw ýylynyň dowamynda alnyp barylýar. Mekdebe taýýarlaýyş toparlarynyň çagalaryny mekdep, mekdep durmuşy bilen tanyşdyrmaklyk, olaryň mekdebe bolan söýgüsini artdyrmaklyk hem-de göreldeli okuwçylara meňzemeklerini tabşyrmaklyk hem çagalar bagynda terbiýelenýän çagalaryň mekdep barada düşünjelerini giňeltmeklige ýardam edýär. Meselem, mekdebe gezelençler guramak, mekdep muzeýine, kitaphanalaryna gitmek, mekdep bilen bilelikde açyk sapaklary guramak, suratlaryň we dürli el işleriniň sergisini guramak, çagalar bagynda öň bilim alyp giden çagalar bilen duşuşyklary guramak. Çagalar bagy bilen mekdebiň arasynda döredijilik, terbiýeçilik tejribelerini alyşmagyň ähmiýeti uludyr.

Ýeri gelende bellesek, bu işleri guramagyň usulyýeti degişli düzgünlere esaslanylyp, çagalar bagynyň Ýyllyk iş meýilnamasynda hem öz ornuny alýar. Çagalar bagynyň müdiriniň tassyklan we degişli mekdebiň müdiriniň ylalaşan meýilnamasy esasynda mekdebe taýýarlaýyş toparlarynyň çagalary bilen göz öňünde tutulan çäreler geçirilýär. Olar hakyndaky maglumatlar ýörite bir depderde ýazgy edilýär. Guralan çäreleriň, ýerine ýetirilen işleriň beýanlary, maglumatlary, degişli fotosuratlar jemlenilip, bu ugurdaky işler resmileşdirilýär.

Körpeleri hemmetaraplaýyn terbiýelemek çagalar bagynyň terbiýeçileriniň hem-de ata-eneleriň iş we durmuş wezipeleridir. Bu wezipe çagalar bagynyň maşgala bilen hem has ysnyşykly işlemegi arkaly amala aşyrylýar. Bularyň biri-birine ýakyndan kömek etmegi okuw-terbiýeçilik işleriniň dogry guralmagyna ýardam edýär. Öz gezeginde çagalar edaralarynyň terbiýeçileri hem öz çagalaryny dogry terbiýelemekde ata-enä gymmatly maslahatlar berýärler.

Çagalar bagynyň maşagala bilen bilelikdäki işleri ata-eneler guramasynyň işi bilen esaslandyrylýar. Ata-eneler guramasy degişli düzgünlere laýyklykda döredilýär we çagalar bagynda umumy hem-de her toparda aýratynlykda döredilýär. Ata-eneler guramasynyň işi bilen birlikde, topar otaglarynda ata-eneler burçy hem hereket edýär. Onuň hem degişli üç bölüminde ata-eneleriň dykgatyna ýetirilmegi wajyp hasaplanylýan maglumatlar ýerleşdirilýär. Ata-eneler guramasynyň işi tassyklanylan meýilnama esasynda alnyp barylýar, geçirilýän çäreler, ýygnaklar, beýanlar, ýazgylar arkaly resmileşdirilýär we ýörite bukjada saklanýar, şeýle hem her toparda ata-eneler bilen bilelikde geçirilýän işleriň depderi ýöredilýär. Bularyň özi çagalar bagynda maşgala bilen bilelikdäki gatnaşyklary guramagyň usulyýetiniň kadalaryny dogry we netijeli alnyp barylýandygyny görkezýär we bu işiň ýokary ähmiýetlidiginden habar berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işiniň ählitaraplaýyn sazlaşykly guralmagy, hil we mazmun taýdan baýlaşdyrylmagy ugrunda uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşlar aýdýarys.

Maýagözel MUHAMMETBERDIÝEWA,
Mary şäherindäki 25-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri,
 KA-nyň işjeň agzasy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu